"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mele-myssyk çöregim — güneş reňkli höregim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde Diýarymyzyň çörek kärhanalarynda hem çörek we çörek önümleriniň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Indi birnäçe ýyldan bäri «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly, ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen adygan Kerki çörek kärhanasy hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Işläp başlanyna 85 ýyl dolan bu baýry kärhanada işçi-hünärmenleriň 200-den gowragy zähmet çekýär. Çörek öndürijileriň birleşen tagallalarynyň netijesinde her günde ýokary hilli çörek we çörek önümleriniň 15-16 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenilýär. Kärhanada önümleriň hil derejesine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa çörek we çörek önümleriniň geçginliligini artdyrýar.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

TÄZE GAZ AKYMY ALYNDY Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny gözlemegiň we özleşdirmegiň hasabyna tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri öňde goýýar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň gazçylary döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny bada-bat üstünlikli ýerine ýetirmek üçin gaz känlerinde guýulary burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

Döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary tehnologiýalara daýanýan önümçilikleri döretmekde, sarp ediş bazarynyň ösen isleglerini üpjün etmekde, hyzmatlaryň hil derejesini talabalaýyk ýola goýmakda hususy ulgamyň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Hususyýetçileriň gazanýan üstünlikleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde badalga beren döwletli başlangyçlarynyň täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda giň gerimlerde dowam etdirilýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Hususy ulgamy ösdürmekde döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen, işleriniň gerimini has-da giňeldýän hususy kärhanalaryň biri-de Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň senagat zolagynda ýerleşýän «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan bu hususy kärhana indi birnäçe ýyl bäri hereket etmek bilen, ykdysadyýetimiziň elektrik energetikasy pudagynda hem-de beýleki pudaklaryň elektrik gurnama işlerinde amala aşyrýan hyzmatlarynyň ýokary hil derejesi arkaly müşderileriň ynamyny gazanmagy başardy. Ýeri gelende aýtsak, «Demir ölçeg» hususy kärhanasy öz müşderilerine elektrik enjamlaryny satyn almak, serişdeleri ibermek, synagdan geçirmek, ulanyşa tabşyrmak ýaly hyzmatlary hödürleýär. Bulardan başga-da, energetika pudagynd

«Gara altynyň» goşmaça tonnalary

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň welaýatdaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda trestiň düzümindäki «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Gamyşlyja» ýaly müdirlikler boýunça şu ýylyň başyndan bäri goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 176 müň tonna golaýlady. Bu görkeziji geçen on aýyň meýilnamasynyň 12 müň 948 tonna artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Şunda «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça nebit çig malyny almak baradaky meýilnamalaryna iki esse artygy bilen hötde gelendiklerini nygtamak gerek. Ýeri gelende aýtsak, tutuş trest boýunça üstümizdäki ýylyň hasabat döwründe düýpli abatlanan guýularyň 367-sine derek 436-synyň nebitgaz çykaryş müdirliklerine ulanyşa tabşyrylandygy has-da buýsançly görkezijidir. Şunda olaryň 199-sy trestiň «Goturdepe» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň paýyna düşýär.

Hindiguş — asyrlary aşan suw desgasy

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşi köp babatda energetika pudagynyň gazanýan ösüşleri bilen kesgitlenilýär. Energetika pudagy elektrik energiýasyny öndürmek we ulanyjylara ibermek bilen meşgullanýan pudak bolup, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşi öz gözbaşyny 1913-nji ýyldan alyp gaýdýar. Murgap derýasynda Hindiguş suw elektrik stansiýasyny gurmak meselesi Baýramalydaky Rus patyşasyna degişli bolan Döwlet Mülküniň gurulmagyndan soň ýüze çykdy. Döwlet Mülküniň toplumynda pagta arassalaýjy, ýag arassalaýjy we öndüriji zawodlar guruldy we işe girizildi. Murgap derýasynda Soltanbent we Hindiguş bentleri dikeldildi. 1907-nji ýylda Mülküň inženeri, inžener—polkownik M.N.Ýermolaýew Hindiguş bendiniň mümkinçiligini peýdalanmak we Döwlet mülküniň Baýramalydaky kärhanalarynda elektrik energiýasyny ulanmak maksady bilen, Murgap derýasynda suw elektrik stansiýasyny gurmak hem-de şol suw elektrik stansiýasyndan Baýramalydaky Mülke çenli 38,7 kilometr aralykda «Hindiguş — Baýramaly» elektrik geçiriji ulgamyny döretmek boýunça ykdysady we inženerçilik hasaplamalaryny ýerine ýetirip, degişli maglumatlary toplaýar. 1907-nji ýylda Peterburgda M.N.Ýermolaýewiň toplan maglumatlary esasynda Russiýa döwletiniň aýratyn topary tarapyndan bu meselä seredilýär hem-de Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň we «Hindiguş — Baýramaly» elekt

Halkyň islegli önümleri öndürilýär

Daşoguzyň «Çeper» tikin kärhanasynyň agzybir işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemegi hem-de bellenilen ýyllyk meýilnamany möhletinden öň ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Häzirki wagta çenli bu ýerde 15 million 941 müň 362 manatlyk önüm öndürilip, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagyna, önümçiligiň has-da öňe gitmegine goşant goşdular. Tikin kärhanasynda 200-e golaý işgär zähmet çekip, tikin önümleriniň 150-den gowrak görnüşi öndürilýär. Bu ýerde, esasan sargytlar boýunça, aýratyn-da, harby egin-eşikler köp tikilýär. Bulardan başga-da, gurluşykçylar, jemagat hojalygynyň işgärleri, dürli hünär eýeleri üçin niýetlenen ýörite iş eşikleri, aýal-gyzlara, erkeklere, ýetginjeklere we çagalara niýetlenen geýimler we sport egin-eşikleri tikilýär. Tikin fabriginiň garamagyndaky «Altyn asyr» söwda merkezinde alyjylara ýokary hilli tikin önümleriniň dürli görnüşleri elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Şeýle-de satuwda arassa pagtadan öndürilen dürli reňkli matalardan tikilen oňat hilli ýassyk, ýorgan-düşek daşlyklary hem bar.

2024-nji ýyldan ýük daşaýjy gämiler Wolga — Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlar

2024-nji ýylda suwdan aşakdaky bölegi 4 metrden gowrak bolan gämiler Wolga — Hazar deňzi gämi kanalyndan geçip başlar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary Andreý Belousow «Ulag hepdesi 2023» forumynyň çägindäki «Russiýa 2035: täze ulag ykdysadyýetine tarap» atly plenar mejlisinde aýtdy. — Bu — köp zähmeti, belki-de bu bölümdäki ähli güýji talap edýän işleriň uly toplumy. Emma kanalyň özi ýurtdaky ýük akymynyň ykdysadyýetini düýpgöter üýtgeder. Eýýäm ýük daşaýjylar bu ugur boýunça Eýrana haryt iberip başlamak üçin nobata durýarlar — diýip, ýolbaşçy belledi. «Росморпорт» (Russiýanyň deňiz porty) Federal döwlet unitar kärhanasynyň baş direktory Sergeý Pyliniň sözlerine görä, Wolga — Hazar deňzi gämi kanalynyň düýbüni çuňlaşdyrmak işleriniň çäklerinde 10 million kub metrden gowrak toprak göterilipdir. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu işe dürli görnüşdäki gämileriň 18-si gatnaşypdyr.

Arkalaşykly zähmet miwesini eçilýär

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «gara altyn» we «mawy ýangyç» gözleýji burawlaýjy toparlary eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 28 ýyllyk toýuny we Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar. Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýy Uzynada meýdançasyndan hoş habarlaryň gelip gowşan aýy boldy. Konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe we Ekerem buraw işleri müdirlikleri tarapyndan 78-nji we 82-nji guýularda gazuw işleri geçirilip, 6 müň 655 — 6 müň 659 metr hem-de 6 müň 654 — 6 müň 658 metr çuňluklardan gaz kondensatynyň akymy alyndy.

Nebitgazçylar hünär baýramyny mynasyp garşylaýarlar

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde täze önümçilik pudaklary peýda boldy. Olarda ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar ýokary hilli, eksport ugurly harytlyk önümleri köp möçberlerde öndürmäge mümkinçilik berdi. Şeýle kämil önümçilikleriň hatarynda ýurdumyzyň gündogar welaýatyndaky Naýyp gaz känindäki suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar toplumy hem bar. Bu ýerde türkmen topragynyň bahasyz baýlygy bolan tebigy gazdan agramly bölegi daşary ýurtlara ugradylýan suwuklandyrylan gaz hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensaty öndürilýär. — Ymgyr Garagumuň şu sebitinde şeýle kämil önümçilik ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny almagy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Munuň özi ata Watanymyzy senagatlaşdyrmak, ykdysady taýdan okgunly ösdürmek maksatnamasynyň ajaýyp miwesidir — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirliginiň Naýypdaky toplumynyň ýolbaşçysy Atageldi Kurbaniýazow buýsanç bilen aýdýar.

Gaz akdyryjylaryň gaýratly gadamlary

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary welaýatyň ilatyny, edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmekde we «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugry boýunça daşary bazarlara çykarylýan tebigy gazyň üznüksiz akdyrylmagyny gazanmakda şu ýylyň degişli döwrüni üstünlikli jemlediler. Munuň şeýledigine müdirligiň agzybir işçi-hünärmenleriniň şu günler alyp barýan nusgalyk işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Müdirlik «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4 müň 500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirmek bilen, onuň agzybir işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy hereketlendiriji güýji bolan nebitgaz toplumynyň barha kuwwatlanmagyna öz mynasyp goşandyny goşmak ugrunda tagalla baryny edýärler.

«Gumdag – Etrek – Eýran serhedi» awtomobil ýoly gurlar

Mälim bolşy ýaly, Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde ulag ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmek üçin degişli işleri geçirmek barada pikir alyşmalar boldy. Habar berlişi ýaly, amala aşyrylýan taslamalar, häzirki wagtda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Prezidentiniň düýpli oýlanyşykly syýasatynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň içinde we daşynda awtomobil ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamyny ösdürmekde möhüm tapgyr bolup durýandygyny aňladýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 81-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Singapuryň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.

«Black Friday» — harytlaryň 90%-e çenli arzanladylýan güni

«Black Friday» gününiň döreýşi, söwdagärlere we müşderilere getirýän peýdasy barada 2023-nji ýylda «Black Friday» güni 23-nji noýabrdan 24-nji noýabra geçilýän gijede başlanýar.

Geçen ýyl «Black Friday» gününde onlaýn söwdalarda rekord goýuldy

«Adobe Analytics» agentliginiň seljermesine görä, 2022-nji ýylda amerikanlar «Black Friday» gününde, onlaýn satuwlarda 9,12 milliard amerikan dollarlyk söwda edip, bu ugurda 2020-nji ýylda 9,03 milliard dollary sarp edip goýan rekordlaryny täzeläpdiler. 2022-nji ýylda «Black Friday» günündäki onlaýn söwdalar 2021-nji ýyldaky görkeziji bilen deňeşdirilende, 2,3% ýokary bolupdy.

Germaniýanyň daşary ýurtlardaky maýa goýumlary

Senagat (23,4 göterim), döwlet dolandyrylyşy, goranmak, bilim, adam saglygy we jemgyýetçilik işleri (19,4 göterim), lomaý we bölek söwda, ulag, ýaşaýyş jaýy, azyk hyzmaty (15,8 göterim) Germaniýanyň ykdysadyýetiniň iň möhüm pudaklary hasaplanylýar. Häzirki wagtda german eksportynyň 53, importynyň 64 göterimi Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlara degişli bolup durýar. Garyplygy, gurakçylygy, yzagalak senagaty bilen tanalýan «garaňky yklym» — Afrika baý mineral ýataklary, nebit we altyn gorlary arkaly dünýäniň ösen ýurtlaryny özüne çekýär. Soňky ýyllarda Hytaý, Türkiýe Respublikasy, Italiýa, Hindistan ýaly dünýäniň ösen ýurtlary bu yklyma köp möçberde maýa goýýarlar. 2021-nji ýylda bu sanawa Germaniýa hem goşuldy.

Ykdysady kuwwatyň nyşany

Ministrler Kabinetiniň 10-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli ösýändigini görkezýär. Amala aşyrylan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, on aýyň dowamynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 7,4 göterim artdy. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 54-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, 379,9 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy. Geljek ýylda hem düýpli maýa goýumlaryň bir bölegini önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, welaýatlardaky täze şäherçeleriň gurluşygyna gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

«CASCA+» ulag geçelgesi: giň mümkinçilikler, anyk wezipeler

15 — 17-nji noýabrda «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» («CASCA+») halkara multimodal üstaşyr ulag ugry boýunça agza döwletleriň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi. Çärä Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, logistika kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen duşuşyk logistik düzümleriň arasynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, «CASCA+» ulag geçelgesiniň işjeňleşdirilmegi, ýük daşamalarda ulag mümkinçiligini durmuşa geçirmek babatda gatnaşyjy ýurtlaryň tejribe alyşmagy bilen bagly meselelere bagyşlandy.

Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ba­ha ber­di

«Fitch Ra­tings» hal­ka­ra agent­li­gi glo­bal yk­dy­sa­dy­ýe­te ba­ha ber­di. Agent­li­giň soň­ky çak­la­ma­sy­na gö­rä dün­ýä ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti şu ýyl 2,5 gö­te­rim öser. Mun­dan ozal bu gör­ke­zi­ji­niň 2,4 gö­te­rim bol­jak­dy­gy bel­le­ni­lip­di. Agent­lik gel­jek ýyl üçin bol­sa ösüş gör­ke­zi­ji­si­ni 2,1 gö­te­rim­den 1,9 gö­te­ri­me dü­şür­di. 2025-nji ýyl­da bol­sa glo­bal yk­dy­sa­dy­ýe­tiň 2,8 gö­te­rim ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan ösen ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Hy­taý üs­tü­miz­dä­ki ýyl 4,8 gö­te­rim, gel­jek ýyl 4,6 gö­te­rim öser. ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti bol­sa, 2 gö­te­rim ösüş ga­za­nar. Ozal­ky çak­la­ma­da bu gör­ke­zi­ji­niň 1,2 gö­te­rim bol­jak­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Ýew­ro se­bi­tin­de mun­dan ozal 0,8 gö­te­rim diý­lip gör­ke­zi­len ösü­şiň 0,6 gö­te­rim bol­jak­dy­gy aý­dyl­dy. Gel­jek ýyl se­bi­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 1,1 gö­te­rim ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Ýurdumyzyň gaz känlerinde mawy ýangyjyň senagat akymy artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir. Diýarymyzda soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen, nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri tarapyndan tebigy gazyň, gaz kondensatynyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça geçirilen degişli işleriň netijesinde “Tagtabazar — 1” gaz känindäki 29 belgili guýudan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde 226,4 müň kub metr tebigy gaza we 6,04 tonna gaz kondensatyna deňdir. Şeýle hem “Uzynada” käninde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, bu känden her biriniň önüm berijiligi bir gije-gündizde ortaça 60 tonnadan gowrak bolan üç guýudan gaz kondensat akymy alyndy. “Uzynada” käninde geçirilen gazuw işleriniň netijesi Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň öz oňyn beýanyny tapýandygynyň güwäsidir.

Täzelik

Welaýat azyk önümçilik birleşiginde pagta çigidi gaýtadan işlenilip, ösümlik ýagynyň we mallar üçin sarun, harpyk ýaly önümleriň, şeýle-de sabynlaryň dürli görnäşiniň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Bu kuwwatly kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda arassalanylmadyk ösümlik ýagynyň 7 müň 602 tonnasy, arassalanylan ösümlik ýagynyň 6 müň 401 tonnasy, sarunuň 18 müň 959 tonnasy, harpygyň 12 müň 892 tonnasy taýýarlanyldy. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 79 million 369 müň manatlyga deň boldy.