Döwrebap hyzmatlar ýola goýulýar

22 Noýabr 2023
350

Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýokary tehnologiýalara daýanýan önümçilikleri döretmekde, sarp ediş bazarynyň ösen isleglerini üpjün etmekde, hyzmatlaryň hil derejesini talabalaýyk ýola goýmakda hususy ulgamyň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Hususyýetçileriň gazanýan üstünlikleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde badalga beren döwletli başlangyçlarynyň täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda giň gerimlerde dowam etdirilýändigi bilen berk baglanyşyklydyr.

Hususy ulgamy ösdürmekde döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak bilen, işleriniň gerimini has-da giňeldýän hususy kärhanalaryň biri-de Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň senagat zolagynda ýerleşýän «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan bu hususy kärhana indi birnäçe ýyl bäri hereket etmek bilen, ykdysadyýetimiziň elektrik energetikasy pudagynda hem-de beýleki pudaklaryň elektrik gurnama işlerinde amala aşyrýan hyzmatlarynyň ýokary hil derejesi arkaly müşderileriň ynamyny gazanmagy başardy. Ýeri gelende aýtsak, «Demir ölçeg» hususy kärhanasy öz müşderilerine elektrik enjamlaryny satyn almak, serişdeleri ibermek, synagdan geçirmek, ulanyşa tabşyrmak ýaly hyzmatlary hödürleýär. Bulardan başga-da, energetika pudagynda tehniki hyzmatlary ýola goýmak, elektrik ulgamynda esasy howpsuzlyk çäreleriniň biri hasaplanylýan ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak ýaly birnäçe ýöriteleşdirilen işler hem kärhananyň müşderilere hödürleýän hyzmatlarynyň üstüni ýetirýär.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».
Beýleki habarlar