Mele-myssyk çöregim — güneş reňkli höregim

22 Noýabr 2023
559

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek ugrunda gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär. Döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde Diýarymyzyň çörek kärhanalarynda hem çörek we çörek önümleriniň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar. Indi birnäçe ýyldan bäri «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly, ýokary hilli çörek we çörek önümleri bilen adygan Kerki çörek kärhanasy hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar.

Işläp başlanyna 85 ýyl dolan bu baýry kärhanada işçi-hünärmenleriň 200-den gowragy zähmet çekýär. Çörek öndürijileriň birleşen tagallalarynyň netijesinde her günde ýokary hilli çörek we çörek önümleriniň 15-16 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenilýär. Kärhanada önümleriň hil derejesine aýratyn üns berilýär. Bu bolsa çörek we çörek önümleriniň geçginliligini artdyrýar.

Sülgün KERIMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar