Nebitgazçylar hünär baýramyny mynasyp garşylaýarlar

20 Noýabr 2023
346

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde täze önümçilik pudaklary peýda boldy. Olarda ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar ýokary hilli, eksport ugurly harytlyk önümleri köp möçberlerde öndürmäge mümkinçilik berdi. Şeýle kämil önümçilikleriň hatarynda ýurdumyzyň gündogar welaýatyndaky Naýyp gaz känindäki suwuklandyrylan gaz öndürýän desgalar toplumy hem bar. Bu ýerde türkmen topragynyň bahasyz baýlygy bolan tebigy gazdan agramly bölegi daşary ýurtlara ugradylýan suwuklandyrylan gaz hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensaty öndürilýär.

— Ymgyr Garagumuň şu sebitinde şeýle kämil önümçilik ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny almagy bilen aýrylmaz baglanyşykly. Munuň özi ata Watanymyzy senagatlaşdyrmak, ykdysady taýdan okgunly ösdürmek maksatnamasynyň ajaýyp miwesidir — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik» müdirliginiň Naýypdaky toplumynyň ýolbaşçysy Atageldi Kurbaniýazow buýsanç bilen aýdýar.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar