Hindiguş — asyrlary aşan suw desgasy

21 Noýabr 2023
446

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşi köp babatda energetika pudagynyň gazanýan ösüşleri bilen kesgitlenilýär. Energetika pudagy elektrik energiýasyny öndürmek we ulanyjylara ibermek bilen meşgullanýan pudak bolup, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşi öz gözbaşyny 1913-nji ýyldan alyp gaýdýar.

Murgap derýasynda Hindiguş suw elektrik stansiýasyny gurmak meselesi Baýramalydaky Rus patyşasyna degişli bolan Döwlet Mülküniň gurulmagyndan soň ýüze çykdy. Döwlet Mülküniň toplumynda pagta arassalaýjy, ýag arassalaýjy we öndüriji zawodlar guruldy we işe girizildi. Murgap derýasynda Soltanbent we Hindiguş bentleri dikeldildi. 1907-nji ýylda Mülküň inženeri, inžener—polkownik M.N.Ýermolaýew Hindiguş bendiniň mümkinçiligini peýdalanmak we Döwlet mülküniň Baýramalydaky kärhanalarynda elektrik energiýasyny ulanmak maksady bilen, Murgap derýasynda suw elektrik stansiýasyny gurmak hem-de şol suw elektrik stansiýasyndan Baýramalydaky Mülke çenli 38,7 kilometr aralykda «Hindiguş — Baýramaly» elektrik geçiriji ulgamyny döretmek boýunça ykdysady we inženerçilik hasaplamalaryny ýerine ýetirip, degişli maglumatlary toplaýar. 1907-nji ýylda Peterburgda M.N.Ýermolaýewiň toplan maglumatlary esasynda Russiýa döwletiniň aýratyn topary tarapyndan bu meselä seredilýär hem-de Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň we «Hindiguş — Baýramaly» elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny düzmäge başlamak üçin karar çykarylýar. Şeýlelikde, Wengriýanyň «Gans» kompaniýasyna suw elektrik stansiýasynyň hem-de elektrik geçiriji ulgamyň enjamlarynyň ähli sanawyny taýýarlamak işleri tabşyrylýar. Hindiguş suw elektrik stansiýasynyň gurluşyk—gurnama işleriniň tutuş toplumyny «Tami we Deýçman» atly wenger firmasy ýerine ýetirýär.

Göwher GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar