Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ba­ha ber­di

17 Noýabr 2023
439

«Fitch Ra­tings» hal­ka­ra agent­li­gi glo­bal yk­dy­sa­dy­ýe­te ba­ha ber­di. Agent­li­giň soň­ky çak­la­ma­sy­na gö­rä dün­ýä ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti şu ýyl 2,5 gö­te­rim öser. Mun­dan ozal bu gör­ke­zi­ji­niň 2,4 gö­te­rim bol­jak­dy­gy bel­le­ni­lip­di. Agent­lik gel­jek ýyl üçin bol­sa ösüş gör­ke­zi­ji­si­ni 2,1 gö­te­rim­den 1,9 gö­te­ri­me dü­şür­di. 2025-nji ýyl­da bol­sa glo­bal yk­dy­sa­dy­ýe­tiň 2,8 gö­te­rim ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan ösen ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Hy­taý üs­tü­miz­dä­ki ýyl 4,8 gö­te­rim, gel­jek ýyl 4,6 gö­te­rim öser.

ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti bol­sa, 2 gö­te­rim ösüş ga­za­nar. Ozal­ky çak­la­ma­da bu gör­ke­zi­ji­niň 1,2 gö­te­rim bol­jak­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Ýew­ro se­bi­tin­de mun­dan ozal 0,8 gö­te­rim diý­lip gör­ke­zi­len ösü­şiň 0,6 gö­te­rim bol­jak­dy­gy aý­dyl­dy. Gel­jek ýyl se­bi­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 1,1 gö­te­rim ös­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Beýleki habarlar