Halkyň islegli önümleri öndürilýär

21 Noýabr 2023
374

Daşoguzyň «Çeper» tikin kärhanasynyň agzybir işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemegi hem-de bellenilen ýyllyk meýilnamany möhletinden öň ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Häzirki wagta çenli bu ýerde 15 million 941 müň 362 manatlyk önüm öndürilip, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagyna, önümçiligiň has-da öňe gitmegine goşant goşdular.

Tikin kärhanasynda 200-e golaý işgär zähmet çekip, tikin önümleriniň 150-den gowrak görnüşi öndürilýär. Bu ýerde, esasan sargytlar boýunça, aýratyn-da, harby egin-eşikler köp tikilýär. Bulardan başga-da, gurluşykçylar, jemagat hojalygynyň işgärleri, dürli hünär eýeleri üçin niýetlenen ýörite iş eşikleri, aýal-gyzlara, erkeklere, ýetginjeklere we çagalara niýetlenen geýimler we sport egin-eşikleri tikilýär. Tikin fabriginiň garamagyndaky «Altyn asyr» söwda merkezinde alyjylara ýokary hilli tikin önümleriniň dürli görnüşleri elýeterli bahalardan hödürlenilýär. Şeýle-de satuwda arassa pagtadan öndürilen dürli reňkli matalardan tikilen oňat hilli ýassyk, ýorgan-düşek daşlyklary hem bar.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar