Halkara hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykýar

2 Dekabr 2021
1319

1992-nji ýyldan bäri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolan Türkmenistan köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşup, YHG-a girýän döwletler bilen ikitaraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyz hem-de bu Gurama tarapyndan bilelikdäki işiň uly tejribesi toplanyldy. Munuň özi uzakmöhletleýin geljek üçin netijeli gatnaşyklar babatda ygtybarly esasy döredýär. Türkmenistan sebit möçberinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, Guramanyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge hem-de çägini giňeltmäge, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen, ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýanyň esasynda YHG-da başlyklygy amala aşyryp, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezýär.

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi. Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.