Ýurdumyzyň gaz känlerinde mawy ýangyjyň senagat akymy artýar

17 Noýabr 2023
560

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilendir.

Diýarymyzda soňky iki ýylda nebitgaz ýataklarynyň gözlenilmegi we özleşdirilmegi bilen, nebitiň we tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak işlerine gönükdirilen milli maýa goýumlaryň hasabyna “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri tarapyndan tebigy gazyň, gaz kondensatynyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça geçirilen degişli işleriň netijesinde “Tagtabazar — 1” gaz känindäki 29 belgili guýudan senagat ähmiýetli kükürtsiz gaz akymy alyndy. Guýynyň önüm berijiligi bir gije-gündizde 226,4 müň kub metr tebigy gaza we 6,04 tonna gaz kondensatyna deňdir. Şeýle hem “Uzynada” käninde gazuw işleri üstünlikli tamamlanyp, bu känden her biriniň önüm berijiligi bir gije-gündizde ortaça 60 tonnadan gowrak bolan üç guýudan gaz kondensat akymy alyndy. “Uzynada” käninde geçirilen gazuw işleriniň netijesi Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda beren gymmatly maslahatlarynyň öz oňyn beýanyny tapýandygynyň güwäsidir.

(TDH)
Beýleki habarlar