Täzelik

16 Noýabr 2023
722

Welaýat azyk önümçilik birleşiginde pagta çigidi gaýtadan işlenilip, ösümlik ýagynyň we mallar üçin sarun, harpyk ýaly önümleriň, şeýle-de sabynlaryň dürli görnäşiniň öndürilişi ýylsaýyn artdyrylýar.

Bu kuwwatly kärhanada şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda arassalanylmadyk ösümlik ýagynyň 7 müň 602 tonnasy, arassalanylan ösümlik ýagynyň 6 müň 401 tonnasy, sarunuň 18 müň 959 tonnasy, harpygyň 12 müň 892 tonnasy taýýarlanyldy. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 79 million 369 müň manatlyga deň boldy.

Beýleki habarlar