"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

"Boeing" täjirçilik uçarlarynyň iberilişini 10 göterim artdyrdy

"Boeing" awiagurluşyk konserni geçen 2023-nji ýylda özüniň müşderilerine täjirçilik uçarlaryny ibermegini 10 göterim artdyrdy.  Kompaniýa 2023-nji ýylda jemi 528 uçary müşderilere iberdi. 2022-nji ýylda bu görkeziji 480-e deň bolupdy. Geçen ýylda öndürilen uçarlaryň 396-sy "737" görnüşli modellere degişli boldy.

Ýaşlaryň ruhlary belent

Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslediler. Ýylyň önümçilik meýilnamasynyň wagtyndan has öň ýerine ýetirilendigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Geçen ýylda gazanylan üstünlik täze ýyla hem ruhubelent gadam goýmaga şert döretdi. Fabrigiň tikinçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem täze ýeňişlere beslemegi maksat edinýärler. — Biz geçen ýylda 41 million 665 müň 343 manatlyk önüm öndürmegi meýilleşdiripdik. Iş ýüzünde bolsa 52 million 303 müň 933 manatlykdan gowrak önüm öndürdik. Bu gazanylan üstünlik fabrigimiziň önümlerine içerki bazarda islegleriň barha artýandygyny hem görkezýär. Tikinçi gelin-gyzlarymyzyň yhlasly zähmetleri ýerine düşdi. Geçen döwürde kärhanamyzda, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde mekdep ýaşly çagalar üçin daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümleriň hem dürli görnüşleri fabrigimizde öndürildi. Welaýatymyzyň çagalar bakja-baglaryndaky körpeler üçin ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň daşlyklarynyň uly möçberdäkisiniň buýurmalary öz wagtynda ýerine ýetirildi — diýip, fabrigiň direktory Rysalat Häkimowa biziň bilen söhbetdeş bolanynda aýtdy.

Nebit guýularynyň önümliligi artdyrylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmek ugry boýunça «Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmek meseleleri we taslamalaşdyryş» hem-de «Nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmekligi seljerme» laboratoriýalary bolup, olar nebit we gaz känlerini işläp geçmek bilen bagly ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirip, degişli taslama resminamalaryny taýýarlaýarlar. Bu laboratoriýalarda ähli känler we ulanyş guýulary boýunça çykarylan önümiň hasabaty ýöredilýär hem-de olaryň tehnologiki görkezijileriniň ösüşi, önümli ýataklaryň çykaryp boljak galyndy gorlary we pese gaçma koeffisenti kesgitlenýär. Şeýle hem, ulanyş ýa-da baha beriş guýularynyň gazylmaly ýerlerini saýlap almak, ulanyş guýularynda aşaky we ýokarky gatlaklara geçmek, hereketsiz duran guýulary ulanyşa girizmek, ulanyşyň başga usullaryna geçmek, guýularda gapdal sütünlerini gazmak, gatlak suwlaryny çäklendirmek ýa-da guýynyň düýpýaka zolagyny himiki serişdeler bilen işläp bejermek üçin guýulary saýlap almak boýunça seljerme işleri ýerine ýetirilip, degişli teklipler hödürlenýär.

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy

2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy. Bu barada Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, TOLONews habar berýär. «2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollara deň boldy» diiýp, Owganystanyň Senagat we söwda ministrliginiň wekili Ahundzada Abdul Salam Jawad aýdýar.

Sanly ykdysadyýet – ykdysady ösüşleriň özeni

Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty Garaşsyz, Türkmenistanymyzyň milli ykdysadyýetiniň belent sepgitlere ýetmegine itergi berýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynyň we beýleki ulgamlarynyň tehnologiki we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakda degerli işler durmuşa geçirilýär. Bu meselede sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi, täze ulgam çylşyrymly önümçilik kuwwatlyklaryny dolandyrmakda, beýleki ulgamlary çalt depginlerde ösdürmekde orny uludyr. Şonuň üçinem Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu resminamada sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenendir. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary depginlerde ösýär. Bu ösüşler sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly alnyp barylýar. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ähli ugurlaryň ösmegine oňat täsirini ýetirýär. Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň, şol sanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar, olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde sanly ulgamyň ähmiýeti uludyr. Bazaryň barha ösýän

2023-nji ýylda Singapur portunda amala aşyrylan konteýner dolanyşygy 39 million TEU barabar boldy we 5 % ösüş bellige alyndy

Singapuryň porty dünýäde iň uly konteýner portlarynyň arasynda ikinji orny eýeläp, onuň 2023-nji ýylyň dowamynda şu ugurda amala aşyran dolanyşygy 39 million TEU barabar boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň netijesi bilen deňeşdirilende, 4,6% artykdyr. Ýylyň ahyrky çärýegindäki ösüş bolsa ýylyň-ýylyna 8% ýokarlandy.   Dekabr aýynda portda islegleriň birden ýokarlanmagy Şanhaýda bellige alnan derejä ýetip bilmedi. Muňa garamazdan, haryt dolanyşygy 3,4 million TEU-dan hem ýokary derejä ýetdi. Daşalan konteýner ýükleriniň agramy 2023-nji ýylyň ahyrynda Singapurda 2,7 % ýokarlandy we 350 million tonnadan geçdi. Şeýlelikde, konteýnerler portuň umumy ýük dolanyşygynyň 59 %-den gowragyny emele getirýär. Dolanyşygyň 32 %-i nebit ýüklerini daşamak bolup, bu ugurdaky görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 0,7% ösüşden ybaratdyr. Munuň özi 192 million tonna çemesi ýüküň daşalandygyny aňladýar. Portuň 2023-nji ýylyň dowamynda amala aşyran umumy ýük dolanyşygy 591,7 million tonna barabar bolup, munuň özi 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende +2,3% netijäni emele getirýär.

Durmuş abadançylygynyň bähbidine

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda uly öňegidişlikler gazanylýar. Ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga we hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlara esaslanýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Durmuş-ykdysady syýasat sanly tehnologiýalary, innowasiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň gurluş düzümini kämilleşdirmegiň, täze pudaklarydyr önümçilikleri döretmegiň, ykdysadyýetiň däp bolan pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, hususyýetçiligi ösdürmegiň hasabyna depginli ösüşlere eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» bu ösüşleriň anyk çelgilerini özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygarlaryndan ugur alnyp amala aşyrylýan durmuş syýasaty durmuş-ykdysady ösüşiň öňdebaryj

Owgan neşiri: 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 481 million dollara ýetdi

Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 481 million dollara barabar boldy. Bu barada “TOLO” habarlar agentligi ministrligiň ýolbaşçysynyň türkmen ilçisi bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp habar berýär. Bellenişi ýaly, taraplar söwda toplumynda birnäçe soraglary, şol sanda owgan mermer daşynyň Türkmenistana eksportyny giňeltmek, Aşgabatda Owganystanda öndürilýän önümleriň sergisini guramak meselelerini maslahatlaşdylar.

Milli raýat awiasiýamyzyň binýady barha pugtalanýar

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berildi, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz dünýäniň köpsanly döwletleri we yklymlary bilen halkara ýolagçy howa gatnawlaryny alyp barýar. Bu ulgamyň geriminiň giňeldilmegi, ilkinji nobatda, “Boeing” kysymly uçarlary arkaly amala aşyrylýar. Şeýle häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, howa gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Özbegistan we Türkmenistan halkara ýük daşamalary üçin tölegleri kämilleşdirmekçi

Ýaňy-ýakynda awtoulaglar arkaly halkara ýük daşamalary bilen baglanyşykly tölegler we tutumlar meselesi boýunça Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilermenler toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada «Uzdaily» habar berdi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin tölegleri kämilleşdirmek, şeýle hem Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinde halkara ýük gatnawlaryna gatnaşyjylara wiza almak düzgünlerini ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnama gol çekişmek işini çaltlaşdyrmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Tüwi bolçulygy

«Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky tüwi öndürýän döwrebap kärhanasynyň ähli önümçilik bölümlerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden şaly hasylyny aýawly saklamak, gaýtadan işlemek hem taýýar önümleri sarp edijilere ýetirmek boýunça utgaşykly işler dowam edýär. Sahawatly topragymyzyň bolluk bilen eçilen täze şalynyň tüwüsi döwletli ojaklaryň bereketli saçaklaryny bezeýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şalyçylar üçin hem iň hasylly ýyllaryň biri boldy. Demirgazyk welaýatyň ussat şalyçylary 8100 gektar meýdandan 35 müň 175 tonna hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Olaryň uly zähmet üstünligini gazanyp, meýilnamadan ep-esli artyk hasyl ýygnamaklaryna döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler, hemaýat-goldawlardyr giň gerimli mümkinçilikler oňaýly şertleri döretdi.

Semente isleg uly

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Bäherden etrabyndaky «Bäherden» sement zawodynyň önümleri bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, kärhanada öndürilýän bu gurluşyk önümine isleg barha ýokarlanýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen ýylda kärhananyň önümçiliginde ýokary görkezijileriň gazanylmagy-da şeýle diýmäge esas berýär. Has takygy, geçen ýyl bu ýerde ýokary hilli sementiň 1 million 3 müň 127 tonnasy öndürilip, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 102,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Bu görkeziji kärhanada geçen ýyl 2022-nji ýyldaka garanyňda 23 müň tonnadan gowrak önümiň köp öndürilendigini aňladýar. Geçen döwürde kärhananyň ýokary hilli önümleri ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynda ulanyldy. Ýokary önümçilik görkezijileri kärhananyň agzybir işçi-hünärmenlerini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda iş depginlerini has-da batlandyrmaga hyjuwlandyrýar.

Döwrebap degirmeniň ak uny

Geçen oba hojalyk ýylynyň orak möwsüminde balkanly gallaçylar 50 müň gektar meýdandan 80 müň tonna guşgursak ak bugdaý ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup abraý bilen amal etdiler. Welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny gaýtadan işlemek hem göwnejaý alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, berkarar döwletimiziň oba hojalyk syýasatynyň ilkinji maksady azyk önümleriniň bolçulygyny döredip, ýurdumyzyň bazarlaryny öz topragymyzda öndürilýän ter we ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmekden, köp dürli hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň daşarky bazarlara çykarylmagyny ýola goýmakdan ybaratdyr. Oba hojalyk önümçiliginiň bütin toplumyny öz içine alýan pudagyň ekin meýdanyndan dükanlara çenli önümçiligi ýola goýan kärhanalar, sözüň doly manysynda, milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynyň, şonuň bilen birlikde-de, türkmen obasynyň geljegidir. Şu nukdaýnazardan ugur alanyňda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmen toplumynda hem döwrebap işler bitirilýär. Bu toplumda taýýarlanylýan ýokary hilli un «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär.

Önümler ýitgisiz ugradylýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy iň bir kuwwatly desgalardyr kämil tilsimatlara eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar. Bu ýere turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowuşýan nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzinleri, awiasiýa we tehniki kerosinler, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary hem-de başga ençeme nebit, nebithimiýa önümleri taýýar harytlyk görnüşine getirilýär. Geçen ýyl topluma gelip gowşan 4 million 534 müň tonna barabar çig nebitiň 4 million 504 müň tonnadan hem köpüsi gaýtadan işlenilipdir. Kärhanada taýýarlanylýan önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerleşdirmekde gazanylýan oňyn netijelerde toplumyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti has uludyr. Geçen ýyl «Kenar» kärhanasyndan müşderilere ugradylan taýýar nebit önümleriniň umumy möçberi 4 million 53 müň 846 tonna golaý bolupdyr. Şonça taýýar harytlyk önümleriň 2 million 760 müň tonna barabary ýurdumyzyň sarp edijilerine, 1,3 million tonna golaýy bolsa daşarky bazarlara ugradylypdyr. Bu ýerden taýýar nebit önümleri ýüklenen gämilerdir otlular deňiz we polat ýollar arkaly dünýäniň Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan,

Gaz akdyryjylaryň zähmet gadamlary

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň zähmet toparlary ýaly, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylaram döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ähli önümçilik görkezijileri boýunça netijeli jemläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji aýynyň her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Olar iki müň sekiz ýüz kilometrden köpräk ýokary basyşly gaz geçirijilere hyzmat etmek bilen, ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynyň ilatyny hem-de şu iki sebitdäki edara-kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler. Gazçylar müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň ýetmiş ýedisine, sazlaýjy düwünleriň bolsa on bäşisine yzygiderli gözegçilik etmek bilen, şolaryň tehnologik talaplara laýyk işläp, «mawy ýangyjyň» kadaly akdyrylmagyny üpjün edýärler. Häzir ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly her gije-gündizde sarp edijileriň hajatlary üçin otuz dört million sekiz ýüz müň kub metre barabar tebigy gaz akdyrylýar.

Türkmenistanyň ulag ulgamynyň maýa goýum mümkinçilikleri Brýusselde tanyşdyrylar

Türkmenistanyň wekiliýeti 29-30-njy ýanwarda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde geçiriljek Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar. Forumyň çäklerinde «Türkmenistanyň ulag toplumynyň maýa goýum mümkinçilikleri» atly plenar ýygnagy guralar. Çäräniň çäklerinde Ýewropanyň birnäçe kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ulag ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen gepleşikleri, işewürlik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça maýa goýum forumyna taýýarlyk görlüşi barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Awtoulaglarda halkara daşamalary üçin rugsatnamalary “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” kärhanasynyň ähli şahamçalarynda alyp bolýar

2024-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Türkmenulagözegçilik” döwlet kärhanasynyň şahamçalarynda daşary ýurtlaryň halkara daşamalary üçin rugsatnamalaryny resmileşdirip bolýar. Bu täzeçillik awtoulagly daşamalary amala aşyrýanlar üçin giriş we çykyş amallaryny aňsatlaşdyrmaga, halkara ýük daşamalary üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşlere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar we uly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, onuň ähli pudaklaryna ösen tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary depginlerde ösýär. Bu ösüşler sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly alnyp barylýar. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ähli ugurlaryň ösmegine oňat täsirini ýetirýär. Bu möhüm işlere Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” kabul eden Karary badalga berdi. Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň, şol sanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar, olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň so

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 33 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Pakistandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, polipropileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 19 million 446 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.