Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

14 Ýanwar 2024
521

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 33 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Owganystandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Pakistandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen awiakerosini, polipropileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary hem-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 19 million 446 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.
Beýleki habarlar