Milli raýat awiasiýamyzyň binýady barha pugtalanýar

16 Ýanwar 2024
575

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we iň täze enjamlar bilen üpjün edilmegi ulag ulgamynda tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasy” bu ulgamda innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikirleri, dünýäniň iň gowy tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap howa menzilleri gurlup ulanmaga berildi, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň täze awiatehnikalarynyň satyn alynmagynyň hasabyna milli howa flotumyzyň üsti ýetirilýär we yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz dünýäniň köpsanly döwletleri we yklymlary bilen halkara ýolagçy howa gatnawlaryny alyp barýar. Bu ulgamyň geriminiň giňeldilmegi, ilkinji nobatda, “Boeing” kysymly uçarlary arkaly amala aşyrylýar. Şeýle häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagy pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, howa gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga, dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Nazakat MAHMUDOWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň baş buhgalteri
Beýleki habarlar