Döwrebap degirmeniň ak uny

16 Ýanwar 2024
582

Geçen oba hojalyk ýylynyň orak möwsüminde balkanly gallaçylar 50 müň gektar meýdandan 80 müň tonna guşgursak ak bugdaý ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup abraý bilen amal etdiler. Welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny gaýtadan işlemek hem göwnejaý alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, berkarar döwletimiziň oba hojalyk syýasatynyň ilkinji maksady azyk önümleriniň bolçulygyny döredip, ýurdumyzyň bazarlaryny öz topragymyzda öndürilýän ter we ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmekden, köp dürli hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň daşarky bazarlara çykarylmagyny ýola goýmakdan ybaratdyr. Oba hojalyk önümçiliginiň bütin toplumyny öz içine alýan pudagyň ekin meýdanyndan dükanlara çenli önümçiligi ýola goýan kärhanalar, sözüň doly manysynda, milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynyň, şonuň bilen birlikde-de, türkmen obasynyň geljegidir. Şu nukdaýnazardan ugur alanyňda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky häzirki zaman degirmen toplumynda hem döwrebap işler bitirilýär. Bu toplumda taýýarlanylýan ýokary hilli un «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinden täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.
Beýleki habarlar