Önümler ýitgisiz ugradylýar

15 Ýanwar 2024
501

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy iň bir kuwwatly desgalardyr kämil tilsimatlara eýe bolmak bilen, ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar. Bu ýere turbageçirijiler we deňiz ýollary bilen gelip gowuşýan nebit çig malyndan dürli kysymly awtomobil benzinleri, awiasiýa we tehniki kerosinler, dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary hem-de başga ençeme nebit, nebithimiýa önümleri taýýar harytlyk görnüşine getirilýär. Geçen ýyl topluma gelip gowşan 4 million 534 müň tonna barabar çig nebitiň 4 million 504 müň tonnadan hem köpüsi gaýtadan işlenilipdir. Kärhanada taýýarlanylýan önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerleşdirmekde gazanylýan oňyn netijelerde toplumyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň ähmiýeti has uludyr. Geçen ýyl «Kenar» kärhanasyndan müşderilere ugradylan taýýar nebit önümleriniň umumy möçberi 4 million 53 müň 846 tonna golaý bolupdyr. Şonça taýýar harytlyk önümleriň 2 million 760 müň tonna barabary ýurdumyzyň sarp edijilerine, 1,3 million tonna golaýy bolsa daşarky bazarlara ugradylypdyr. Bu ýerden taýýar nebit önümleri ýüklenen gämilerdir otlular deňiz we polat ýollar arkaly dünýäniň Gruziýa, Malta, Azerbaýjan, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan ýaly ençeme döwletlerine tarap ýola düşýärler.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde bu ýerde ozaldan hereket edýän gämi duralgalarynda abatlaýyş, enjamlaşdyryş işleri yzygiderli geçirilipdir.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar