Gaz akdyryjylaryň zähmet gadamlary

15 Ýanwar 2024
582

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň zähmet toparlary ýaly, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylaram döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ähli önümçilik görkezijileri boýunça netijeli jemläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň ilkinji aýynyň her bir iş gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Olar iki müň sekiz ýüz kilometrden köpräk ýokary basyşly gaz geçirijilere hyzmat etmek bilen, ýurdumyzyň Mary we Lebap welaýatlarynyň ilatyny hem-de şu iki sebitdäki edara-kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler.

Gazçylar müdirlige degişli gaz paýlaýjy beketleriň ýetmiş ýedisine, sazlaýjy düwünleriň bolsa on bäşisine yzygiderli gözegçilik etmek bilen, şolaryň tehnologik talaplara laýyk işläp, «mawy ýangyjyň» kadaly akdyrylmagyny üpjün edýärler. Häzir ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly her gije-gündizde sarp edijileriň hajatlary üçin otuz dört million sekiz ýüz müň kub metre barabar tebigy gaz akdyrylýar.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar