Ýaşlaryň ruhlary belent

17 Ýanwar 2024
481

Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslediler. Ýylyň önümçilik meýilnamasynyň wagtyndan has öň ýerine ýetirilendigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Geçen ýylda gazanylan üstünlik täze ýyla hem ruhubelent gadam goýmaga şert döretdi. Fabrigiň tikinçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem täze ýeňişlere beslemegi maksat edinýärler.

— Biz geçen ýylda 41 million 665 müň 343 manatlyk önüm öndürmegi meýilleşdiripdik. Iş ýüzünde bolsa 52 million 303 müň 933 manatlykdan gowrak önüm öndürdik. Bu gazanylan üstünlik fabrigimiziň önümlerine içerki bazarda islegleriň barha artýandygyny hem görkezýär. Tikinçi gelin-gyzlarymyzyň yhlasly zähmetleri ýerine düşdi. Geçen döwürde kärhanamyzda, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde mekdep ýaşly çagalar üçin daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan önümleriň hem dürli görnüşleri fabrigimizde öndürildi. Welaýatymyzyň çagalar bakja-baglaryndaky körpeler üçin ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň daşlyklarynyň uly möçberdäkisiniň buýurmalary öz wagtynda ýerine ýetirildi — diýip, fabrigiň direktory Rysalat Häkimowa biziň bilen söhbetdeş bolanynda aýtdy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar