Sanly ykdysadyýet – döwrebap ösüşlere badalga

15 Ýanwar 2024
339

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar we uly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, onuň ähli pudaklaryna ösen tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary depginlerde ösýär. Bu ösüşler sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly alnyp barylýar. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde sanly tehnologiýalar ähli ugurlaryň ösmegine oňat täsirini ýetirýär. Bu möhüm işlere Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” kabul eden Karary badalga berdi. Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň, şol sanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar, olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde sanly ulgamyň ähmiýeti uludyr. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýetdäki üstünliginiň esasy şerti bolup durýar.

Güljemal IŞANKULYÝEWA
Çärjew etrabynyň 51-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy
Beýleki habarlar