Owgan neşiri: 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 481 million dollara ýetdi

16 Ýanwar 2024
437

Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň we Owganystanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygynyň möçberi 481 million dollara barabar boldy. Bu barada “TOLO” habarlar agentligi ministrligiň ýolbaşçysynyň türkmen ilçisi bilen geçiren söhbetdeşligine salgylanyp habar berýär.

Bellenişi ýaly, taraplar söwda toplumynda birnäçe soraglary, şol sanda owgan mermer daşynyň Türkmenistana eksportyny giňeltmek, Aşgabatda Owganystanda öndürilýän önümleriň sergisini guramak meselelerini maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar