"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mawy asmanyň bezegi

Mawy asmanyň ýüzünde ganatlaryny ýaýyp uçýan bürgüt türkmen sährasynyň bezegidir. Ol pessaýlap uçdugyça, sähranyň janly-jandary gozgalaň tapýar. Çünki «asmanyň hökmürowany» adyny alan bu algyr guş öz awuny entek 3-4 kilometr beýiklikde mahaly görüp, ony awlamak üçin juda çalt tizlikde dik aşak inmäge ukyplydyr. Gadymy grekleriň mifologiýasynda asmanyň we ýyldyrymyň hökmürowany Zews wagtal-wagtal bürgüde öwrülip, dünýä ser salýan eken. Daşyndan seredeniňde eýmendiriji, hökümli bürgüdiň akylly, çalasyn, edermen, gujur-gaýratly, wepaly guş bolmagy Zewsiň hut bürgüdi saýlap almagynyň esasy sebäbidir. Bürgüt islendik beýiklikde bolsa-da, ýiti nazary bilen daş-töwerekdäki gymyldy-hereketi saýgaryp bilýär. Ol reňkleri tapawutlandyryp bilýär. Bu ýagdaý haýwanat dünýäsinde örän seýrek duşýar.

Alabaý — biziň milli buýsanjymyz

Geçmişi şöhratly, şahyrana, şahandaz halkymyzyň durmuşynda eýesine wepaly, agras, çyn dost, kanagatly ýoldaş, nätanşa hüşgär, juda duýgur bolan alabaý itlerimiziň mynasyp orny bar. Halkymyz türkmen alabaýyna bedew atyna bakýan nazary bile seredýär. Bu geçmişden şu güne çenli dowam edip gelýän aýdyň hakykat.  Türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä derejesinde ýokary galdyrmak, itşynaslygy ösdürmek we ony kämilleşdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan buýsançly işleri çäksiz waspa mynasypdyr.

Türkmen tazysy — halkymyzyň milli gymmatlygy

Türkmen tazysy hem edil halkymyzyň ösdürip ýetişdiren bedewleri, alabaýlary ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna degişlidir. Ata-babalarymyz tazysyny uzak müňýyllyklaryň dowamynda yhlas bilen ýetişdiripdir. Mälim bolşuna görä, awy tazyly, elguşly awlamak usuly ýeke-täk Türkmenistanda saklanyp galypdyr. Türkmen awçylary iň gadymy, iň täsin däbi ussatlyk bilen gorap saklapdyrlar. BMG-niň geçiren barlaglarynyň maglumatlary boýunça, Türkmenistan awuň şu görnüşiniň gadymdan bäri hereket edýän dünýäniň dört sany merkeziniň biridir.

Jan­ly te­bi­ga­tyň ýat­keş gu­şy

ýa-da totuguşlar hakynda maglumatlar • Totuguşlar tebigatda iň owadan guş hasaplanýar. Olar Awstraliýada 5 million ýyldan bäri ýaşaýarlar.

Ýiten kiti emeli hemra arkaly tapdylar

Emeli hemra arkaly Ottawa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze ylmy-barlag işleriniň netijeleri esasynda demirgazyk Atlantik ummanynyň keramatly Lawrentiýa aýlagyndan kitleriň ýitip gitmek howpy abanýan görnüşiniň biriniň anyk şekili bellige alyndy. Häzirki wagtda bu kitleriň dünýäde bary-ýogy 336-synyň bardygy we emeli hemra arkaly tapylan kitiň hem şol kitleriň biridigi anyklanyldy. Bu kitler häli-şindi gämiler bilen çaknyşýarlar, käte bolsa aljyraňňy ýagdaýda balykçylyk enjamlary tarapyndan ýaralanýarlar. Bu bolsa olaryň köplenç ýagdaýda sanynyň azalmagyna getirýär.

Alajagaplaň

Ýurdumyzyň çäginde haýwanlaryň dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar, olaryň arasynda öz owadanlygy bilen tapawutlanýanlaryň biri-de, alajagaplaňdyr. Alajagaplaň – ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişli bolup, göwresi uly pişikdir.

«Aždarym bilen toýa barýarys»

Hojambaz etrabynyň Gyzylgum geňeşliginiň Çekiç obasynyň ýaşaýjysy Begenç Hanyýewi we onuň alabaý itlerini tutuş ýurdumyzda hem itşynaslaryň tanamaýany az-azdyr. Ol alabaý itleriň ýüzden gowragyny ýetişdirdi. Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda biz bu tejribeli itşynas bilen söhbetdeş bolduk. — Söhbetdeşligimizi alabaý itleriňiz bilen dostlugyňyzyň emele gelşiniň ilkinji günlerinden başlaýsak...

Çypar tilki

Adaty tilkileriň itdir möjekleriňkä meňzeş dişleri, olaryňka görä uzynrak göwresi, inçeden gelen uzyn ýüzi we gyýak ýerleşen gözleri bolýar. Aýaklary gysga, ujy akja guýrugy bolsa uzyn bolup, mymyk uzyn tüýler bilen örtülendir. Olaryň göwreleriniň 1,3 metr töweregi uzynlygynyň 50 santimetr gowragy guýrugyň paýyna düşýär, agramy has daýananynda 8 kilograma çenli ýetýär. Tilkiler düz ýerlerde uly sazak, sözen, ýylgyn ýaly beýigräk gyrymsy agaçlaryň düýplerinde, baýyrlyklarda, daglyklarda, daşlaryň aşaklarynda, urpaklyklarda bolsa ýapgyt, kert ýerlerde özleri üçin ýaşamaga 2-3 agyzly süren gazýarlar. Tilkiler örän çalasyn bolup, diýseň gaty ylgaýar. Ýörite aw itleri-de olaryň yzlaryndan kynlyk bilen ýetýär. Özlerem aňsat ýadamaýar. Ýadasa-da, özüni çalt dürseýär.

Muny bilmek gyzykly

Çagalar! Guşlar barada bilmek, olaryň käbir görnüşleri bilen tanyş bolmak siziň üçin täsin bolsa gerek. Geliň, olar barada bilýän maglumatlarymyzy bileje paýlaşalyň! Durna — guşlaryň arasynda owadanlygy, täsinligi bilen tapawutlanýar. Halk arasynda «Durna geçdi, duluňy ýap, gaz geçdi — gapyňy» diýlen atalar sözi hem bar. Türkmen halky durnalaryň toýnuk gurap geçişlerine söýgi bilen garaýarlar. Ýurdumyzda durnanyň ak durna, çal durna, owadan durna ýaly görnüşlerine duş gelinýär. Bularyň içinde ýurdumyzda beýlekilere garanyňda ak durna köp duş gelinýär. Durnalara Tejen, Murgap, Garagum, Amyderýa jülgelerinde, Köpetdagyň eteklerinde we Hazaryň kenarýakasynda we beýleki ýerlerde gabat gelinýär. Durnalar ösümlikleriň ýerasty baldaklary, ter otlaryň ýapraklary, seýregräk mör-möjekler we ownuk gemrijiler bilen iýmitlenýärler. Durna guşlary süri bolup uçýarlar. Özem «toýnuk» şekilini ýasap ýa-da döwre gurap (tegelenip), gykuwlaşyp uçýarlar.

Türkmenistanyň täsin täzelikleri

Soňky döwürlerde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Habarlaryň, maglumatlaryň alyş-çalşygynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha kämilleşýär. Internet ulgamynyň kömegi bilen dünýäniň ähli ýerindäki derwaýys hem gyzykly wakalaryň maglumatlary bilen tanyşmak mümkinçiligi indi hemmeler üçin elýeterli. Ynha, ýaňy-ýakynda «Türkmenportalda» peýda bolan bu maglumat ildeşlerimiz üçin hem gyzykly bolsa gerek. Ol habarda «Mir 24» teleýaýlymynda Türkmenistanyň janly tebigatyň muzeýinde saklanýan nil krokodiliniň çagasynyň bolandygy baradaky habaryň berlendigi aýdylýar.

Biler bolsaňyz...

Şu wagta çenli ölçenen iň uly buzdagynyň uzynlygy 322 kilometre, ini bolsa 96 kilometre deňdir.* * *Bir kilogram limonda we bir kilogram ýertudanada bar bolan şekeriň mukdary des-deňdir.* * *Adam beýnisiniň ortaça agramy 1,3 kilograma barabardyr we onuň 80 göterimi suwdur.* * *Aýylar hinleriniň agzyny hemişe demirgazyk tarapa garadyp gurýarlar.* * *Oklukirpiler bolsa hinleriniň agzyny günbatar tarapa garadyp gurýarlar.* * *Şimpanzeler sanlaryň belli yzygiderliligini adamlardan has çalt ýatda saklamagy başarýarlar.

Gyzykly maglumatlar

Läheňleriň ýüregi minutda 9 gezek urýar. Gaplaňlaryň diňe bir tüýi alabeder bolman, eýsem, derisi hem alabederdir.

Bedene

Bedene beýleki guşlardan özüniň çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Ol üç ýyla çenli ýaşaýar. Bedenäniň teniniň gyzgynlygynyň towuklaryňkydan iki gradus ýokary bolandygy üçin ol öý guşlaryna mahsus bolan keseller bilen kesellemeýär. Olar 35-40 günlük bolanlarynda, ýumurtga guzlap başlaýarlar. Bedenäniň önüm berijiligi ýylda 280 ýumurtgadan-da geçýär. Ýumurtgasy düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdarynyň köpdügi boýunça beýleki öý guşlarynyňkydan aýratyn tapawutlanýar. Bedenäniň göwresi öý towuklarynyňkydan ep-esli kiçi, torgaýyňkydan uly, arassa etiniň agramy 100 grama deňdir. Bu täsin guşlar daňdan, günorta wagtynda, nahar mahalynda, öýle we gün batyberende saýraýarlar. Adamlar bedenäni eldekileşdirip, howlularynda, keteklerde saklapdyrlar. Ýakymly owazyna guwanyp, olary öý şertlerinde köpeldip, melhemlik etini, dermanlyk ýumurtgasyny halk lukmançylygynda ulanypdyrlar. Bu işler häzirki döwürde hem dowam etdirilýär.

Äpet hem güýçli jandar

Muny bilmek gyzykly Älem ylymlarynyň barçasyndan habarly bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy:

Dünýädäki iň uly guşuň galyndylary tapyldy

Geçen asyryň segseninji ýyllarynda Antraktidada ýüze çykarylan guş galyndylary 2015-nji ýyldan bäri gözlenýär. Gözlegiň netijelerini halk bilen paýlaşan hünärmenler bu galyndylaryň 40 – 50 million ýyl ozal ýaşap geçen dünýäniň iň uly uçýan guşlary bolandygyny mälim etdiler. Guşlaryň ganaty 6,4 metre ýetýär. Bu galyndylar Kaliforniýa uniwersiteti tarapyndan muzeýe ýerleşdirildi we onlarça ýyllap muzeýde görkezildi. Şeýle-de bolsa, 2015-nji ýylda başlanan täze gözleg bu galyndylar barada örän möhüm maglumatlary bermäge ýol açdy.

Oklukirpi, hakykatdan hem, iňňelerini atýarmy?

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri hasaplanylýan oklukirpi hem-de onuň bedenindäki iňňeleri baradaky maglumatlar köp adamlary gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bedeniniň iriligi boýunça dünýäde gemrijileriň arasynda gunduzdan we günorta amerikan kapibarasyndan soňra üçünji ýerde durýan oklukirpiniň iňňeleri barada gadymy döwürlerde dürli ynançlar hem bolupdyr. Gadymy Rimde ilat oklukirpä howp abananda onuň iňňelerini ok şekilde atýandygyna ynanypdyrlar. Häli-häzirlerem şeýle gürrüňlere ynanýanlar bar. Hakykata ser salsak, oklukirpiniň iňňeleri ewolýusion taýdan görnüşini özgerden tüýjagazlardyr. Oklukirpi bedenindäki iňňeleri hiç wagt atyp bilmeýär. Bu iňňeler onuň derisinde gowşak ýerleşendigi üçin adamyň saçynyň gündelik düşüşi ýaly, tiz gaçmak bilen bolýar. Ilat arasynda oklukirpiniň iňňesiniň zäherlidigi barada aýdylýan ynançlar hem bar. Oklukirpiniň iňňeleriniň hiç hili zäheri ýokdur, bu iňňeler döwülegendir, sünjülende bedende döwlüp, ony çykarmak gaty kyn bolýar we agyr bitýän ýaralaryň peýda bolmagyna getirýär. Oklukirpi iňňeleri bilen uly göwrümli ýyrtyjylary ýaralap, öldürmäge-de ukyplydyr.

Geliň, surat çekmegi öwreneliň!

Halk arasynda hüwiniň parasatlylygy, paýhaslylygy barada aýdylýar. Olar Baýguş şekilli guşlar toparyna degişli. Hüwiniň gözi hanasynyň içinde aýlanmaýar. Şol sebäpli olar bir ýere seretjek bolsalar, kellesini hem öwürmeli bolýarlar. Häzirki wagtda hüwüler döwletimiz tarapyndan goralýan guşlaryň hataryna degişli. Biz hem žurnalymyzyň bu sanynda hüwiniň suratyny çekmegi öwredýäris.

Arylar

Ösümlikleriň köpüsi tozanlanmak arkaly köpelýär, hasyl berýär. Gül açýan ösümlikler şemalyň kömegi bilen ýa-da mör-möjekler arkaly tozanlanýar. Bu mör-möjekler şire almak üçin ösümlikden ösümlige geçenlerinde, tozgalar bedenlerine ýapyşyp, beýleki güle geçýärler. Alymlar käbir arylaryň ösümlikleriň wagtyndan ir güllemegine we miwe bermegine sebäp bolýandygyny ýüze çykardylar. Arylar iýmitlenmek üçin güle zerurlyk çekýärler. Geçirilen barlagda arylaryň ýeterlik iýmit bolmadyk ýagdaýynda ösümlikleriň wagtyndan öň güllemegi üçin onuň ýapragyna neşterini sokýandygy anyklanyldy. Netijede ösümlik birnäçe gün ir gülleýär. Iýmitlenmegi üçin töwereginde ýeterlik gül bolan ýagdaýynda arylaryň ýapraklara zyýan ýetirmeýändigi öwrenildi. Arylar ýapraklara ýarym tegelek şekilli «nagyş» çekýärler. Hünärmenler arylaryň ýapraklara sanjym edýän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Emma hünärmenler şeýle şekili emeli usulda ýasanlarynda, ösümligiň ir güllemegi üçin täsiri bolmandyr. Häzirki wagtda alymlar ösümlikleriň ir güllemegi üçin arylaryň kömeginden peýdalanmagyň usulyny öwrenýärler.

Garasarlar

Dünýäde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi bolup, ornitolog alymlaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanyň çäklerinde olaryň 422 görnüşi gabat gelýär. Şol sanda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna degişli meýdanlarda 265 görnüşli guşlar ýaşaýarlar. Serçeşekilliler toparyna degişli guşlaryň dürli görnüşleri Watanymyzyň çäginde giň ýaýrandyr. Garasarlar hem serçeşekillilere degişli guşlardyr. Garasarlara il arasynda «goýun sary», «gara torgaý» hem diýilýär.

Janly we jadyly dünýä syýahat

Şu ýyl — bars ýyly. Heý-de, siz janly barslary ýakyndan synlap gördüňizmi?! Eger olaryň töweregi lerzana getiriji seslerini diňlemek isleseňiz, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýine baraýmaly. Bu ýere syýahat eden her bir myhman haýwanat dünýäsi bilen özüni bitewi duýýar.