Dünýädäki iň uly guşuň galyndylary tapyldy

11 Oktýabr 2022
2344

Geçen asyryň segseninji ýyllarynda Antraktidada ýüze çykarylan guş galyndylary 2015-nji ýyldan bäri gözlenýär. Gözlegiň netijelerini halk bilen paýlaşan hünärmenler bu galyndylaryň 40 – 50 million ýyl ozal ýaşap geçen dünýäniň iň uly uçýan guşlary bolandygyny mälim etdiler. Guşlaryň ganaty 6,4 metre ýetýär.

Bu galyndylar Kaliforniýa uniwersiteti tarapyndan muzeýe ýerleşdirildi we onlarça ýyllap muzeýde görkezildi. Şeýle-de bolsa, 2015-nji ýylda başlanan täze gözleg bu galyndylar barada örän möhüm maglumatlary bermäge ýol açdy.

Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar