Türkmen tazysy — halkymyzyň milli gymmatlygy

17 Noýabr 2022
1614

Türkmen tazysy hem edil halkymyzyň ösdürip ýetişdiren bedewleri, alabaýlary ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna degişlidir. Ata-babalarymyz tazysyny uzak müňýyllyklaryň dowamynda yhlas bilen ýetişdiripdir.

Mälim bolşuna görä, awy tazyly, elguşly awlamak usuly ýeke-täk Türkmenistanda saklanyp galypdyr. Türkmen awçylary iň gadymy, iň täsin däbi ussatlyk bilen gorap saklapdyrlar. BMG-niň geçiren barlaglarynyň maglumatlary boýunça, Türkmenistan awuň şu görnüşiniň gadymdan bäri hereket edýän dünýäniň dört sany merkeziniň biridir.

Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar