Alabaý — biziň milli buýsanjymyz

18 Noýabr 2022
2093

Geçmişi şöhratly, şahyrana, şahandaz halkymyzyň durmuşynda eýesine wepaly, agras, çyn dost, kanagatly ýoldaş, nätanşa hüşgär, juda duýgur bolan alabaý itlerimiziň mynasyp orny bar. Halkymyz türkmen alabaýyna bedew atyna bakýan nazary bile seredýär. Bu geçmişden şu güne çenli dowam edip gelýän aýdyň hakykat. 

Türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä derejesinde ýokary galdyrmak, itşynaslygy ösdürmek we ony kämilleşdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan buýsançly işleri çäksiz waspa mynasypdyr.

Ogulmeňli ÝARAŞOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar