Arylar

24 Awgust 2022
2767

Ösümlikleriň köpüsi tozanlanmak arkaly köpelýär, hasyl berýär. Gül açýan ösümlikler şemalyň kömegi bilen ýa-da mör-möjekler arkaly tozanlanýar. Bu mör-möjekler şire almak üçin ösümlikden ösümlige geçenlerinde, tozgalar bedenlerine ýapyşyp, beýleki güle geçýärler. Alymlar käbir arylaryň ösümlikleriň wagtyndan ir güllemegine we miwe bermegine sebäp bolýandygyny ýüze çykardylar. Arylar iýmitlenmek üçin güle zerurlyk çekýärler.

Geçirilen barlagda arylaryň ýeterlik iýmit bolmadyk ýagdaýynda ösümlikleriň wagtyndan öň güllemegi üçin onuň ýapragyna neşterini sokýandygy anyklanyldy. Netijede ösümlik birnäçe gün ir gülleýär. Iýmitlenmegi üçin töwereginde ýeterlik gül bolan ýagdaýynda arylaryň ýapraklara zyýan ýetirmeýändigi öwrenildi. Arylar ýapraklara ýarym tegelek şekilli «nagyş» çekýärler. Hünärmenler arylaryň ýapraklara sanjym edýän bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Emma hünärmenler şeýle şekili emeli usulda ýasanlarynda, ösümligiň ir güllemegi üçin täsiri bolmandyr. Häzirki wagtda alymlar ösümlikleriň ir güllemegi üçin arylaryň kömeginden peýdalanmagyň usulyny öwrenýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Arzuw ÖWEZOWA,
talyp.
Beýleki habarlar