Ýiten kiti emeli hemra arkaly tapdylar

15 Noýabr 2022
1559

Emeli hemra arkaly Ottawa uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen täze ylmy-barlag işleriniň netijeleri esasynda demirgazyk Atlantik ummanynyň keramatly Lawrentiýa aýlagyndan kitleriň ýitip gitmek howpy abanýan görnüşiniň biriniň anyk şekili bellige alyndy.

Häzirki wagtda bu kitleriň dünýäde bary-ýogy 336-synyň bardygy we emeli hemra arkaly tapylan kitiň hem şol kitleriň biridigi anyklanyldy. Bu kitler häli-şindi gämiler bilen çaknyşýarlar, käte bolsa aljyraňňy ýagdaýda balykçylyk enjamlary tarapyndan ýaralanýarlar. Bu bolsa olaryň köplenç ýagdaýda sanynyň azalmagyna getirýär.

Jeýhun BAÝŽANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar