Oklukirpi, hakykatdan hem, iňňelerini atýarmy?

11 Oktýabr 2022
2496

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri hasaplanylýan oklukirpi hem-de onuň bedenindäki iňňeleri baradaky maglumatlar köp adamlary gyzyklandyrýan bolsa gerek. Bedeniniň iriligi boýunça dünýäde gemrijileriň arasynda gunduzdan we günorta amerikan kapibarasyndan soňra üçünji ýerde durýan oklukirpiniň iňňeleri barada gadymy döwürlerde dürli ynançlar hem bolupdyr. Gadymy Rimde ilat oklukirpä howp abananda onuň iňňelerini ok şekilde atýandygyna ynanypdyrlar. Häli-häzirlerem şeýle gürrüňlere ynanýanlar bar.

Hakykata ser salsak, oklukirpiniň iňňeleri ewolýusion taýdan görnüşini özgerden tüýjagazlardyr. Oklukirpi bedenindäki iňňeleri hiç wagt atyp bilmeýär. Bu iňňeler onuň derisinde gowşak ýerleşendigi üçin adamyň saçynyň gündelik düşüşi ýaly, tiz gaçmak bilen bolýar. Ilat arasynda oklukirpiniň iňňesiniň zäherlidigi barada aýdylýan ynançlar hem bar. Oklukirpiniň iňňeleriniň hiç hili zäheri ýokdur, bu iňňeler döwülegendir, sünjülende bedende döwlüp, ony çykarmak gaty kyn bolýar we agyr bitýän ýaralaryň peýda bolmagyna getirýär. Oklukirpi iňňeleri bilen uly göwrümli ýyrtyjylary ýaralap, öldürmäge-de ukyplydyr.

Serdar ILAMANOW,
«Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň hojalyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar