Çypar tilki

26 Oktýabr 2022
2062

Adaty tilkileriň itdir möjekleriňkä meňzeş dişleri, olaryňka görä uzynrak göwresi, inçeden gelen uzyn ýüzi we gyýak ýerleşen gözleri bolýar. Aýaklary gysga, ujy akja guýrugy bolsa uzyn bolup, mymyk uzyn tüýler bilen örtülendir. Olaryň göwreleriniň 1,3 metr töweregi uzynlygynyň 50 santimetr gowragy guýrugyň paýyna düşýär, agramy has daýananynda 8 kilograma çenli ýetýär.

Tilkiler düz ýerlerde uly sazak, sözen, ýylgyn ýaly beýigräk gyrymsy agaçlaryň düýplerinde, baýyrlyklarda, daglyklarda, daşlaryň aşaklarynda, urpaklyklarda bolsa ýapgyt, kert ýerlerde özleri üçin ýaşamaga 2-3 agyzly süren gazýarlar. Tilkiler örän çalasyn bolup, diýseň gaty ylgaýar. Ýörite aw itleri-de olaryň yzlaryndan kynlyk bilen ýetýär. Özlerem aňsat ýadamaýar. Ýadasa-da, özüni çalt dürseýär.

Aýnabat GURBANBAÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň tebigat gözegçisi.
Beýleki habarlar