Garasarlar

24 Awgust 2022
2586

Dünýäde guşlaryň 9 müňe golaý görnüşi bolup, ornitolog alymlaryň hasaplamalaryna görä, Türkmenistanyň çäklerinde olaryň 422 görnüşi gabat gelýär. Şol sanda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasyna degişli meýdanlarda 265 görnüşli guşlar ýaşaýarlar.

Serçeşekilliler toparyna degişli guşlaryň dürli görnüşleri Watanymyzyň çäginde giň ýaýrandyr. Garasarlar hem serçeşekillilere degişli guşlardyr. Garasarlara il arasynda «goýun sary», «gara torgaý» hem diýilýär.

Ýaňybaý ROZYKULYÝEW.
Beýleki habarlar