"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

"Huawei" Türkmenistanda maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär

Maglumat kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) ulgamynda intellektual enjamlary we düzümleýin çözgütleri dünýä derejesinde esasy öndüriji bolan Huawei kompaniýasy Türkmenistanda maglumatlary işleýän uly merkezi gurmagy maksat edinýär. Bu barada ORIENT bilen söhbetdeşliginde Huawei-iň Türkmenistandaky baş direktorynyň orunbasary Ma Sýaole aýtdy. Aşgabatda geçirilen “Türkmentel-2022” halkara sergisinde "Huawei" kompaniýasynyň diwarlygy has gelim-gidimli diwarlyklaryň biri boldy. Bu hem düşnüklidir, çünki Hytaý kompaniýasy maglumat kommunikasiýalary tehnologiýasyny hem-de gündelik ulanylýan intellektual enjamlary işläp taýýarlamakda dünýä derejeli liderdir. Üç ýyl mundan ozal kompaniýa MKT-de täze eýýamy – 5G ulgamyny açyp, Mate tapgyryndaky uly smartfonlarynyň täze görnüşini we Kirin990 ykjam prosessorlaryny görkezdi.

Türkmenistanda belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanda aragatnaşyk operatoryndan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin ýygym almagyň tertibi tassyklanyldy. Bu baradaky karara anna güni geçirilen hökümetiň mejlisiniň barşynda döwlet baştutany gol çekdi. Belgileýiş resursyna degişli esasy düşünjeler we düzgünler “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilendir. Onda belgileýiş resursy diýlip, şahsyýeti anyklamak üçin aragatnaşyk torlarynda ulanmak mümkin bolan belgileýişiň (sanlar, harplar, nyşan aňlatmalary) umumylygyna ýa-da görnüşleriniň bölegine düşünmelidigi aýdylýar.

«Türkmentel—2022» sergisinde Milli One atly ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

Aşgabatda geçirilen 15-nji «Türkmentel—2022» sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Tehnomerkezi» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ tarapyndan bilelikde taýýarlanan ilkinji türkmen antiwirusy — Milli One Endpoint Security köpçülige tanyşdyryldy.​ Täze antiwirus Windows we Mac porogramma üpjünçiligini goldaýan ähli gurluşlar üçin elýeterlidir. Milli One antiwirusynda poçta, web howplaryna we tor hüjümlerine garşy gorag modullary bar, şeýle-de ol gizlin zyýanly programma üpjünçiliginden goraýar.

«IBM» önümçilik gerimini giňeldýär

«International Business Machines» («IBM») korporasiýasy ýarymgeçirijileri öndürýän «Rapidus» kompaniýasy bilen önümçilik hyzmatdaşlygyny ýola goýýar. Hyzmatdaşlar şu ýylyň ahyryna çenli Ýaponiýanyň ylmy-barlag instituty bilen ýarymgeçirijileri işläp düzer hem-de öndürip başlar. Taslamanyň çäklerinde ýapon hökümeti «Rapidus» kompaniýasyna 70 milliard ýen (ABŞ-nyň 493 million dollary) maýa goýar. «Toyota Motor», «Sony Group» we bilelikdäki kompaniýanyň beýleki agzalary, şol sanda «Kioxoa Holdings», «Tokio Electron» we «SoftBank Group» korporasiýalarynyň her biri 1 million ýenden maýa goýarlar. «Rapidus» kompaniýasy «Toyota Motor», «Sony Group» we ýene alty sany ýapon korporasiýalarynyň bilelikde esaslandyran kompaniýasydyr.

Aşgabatda maglumat tehnologiýalary boýunça «TürkmenTel — 2022» halkara sergisi geçirildi

«7/24. tm», № 46 (129), 13.11.2022 10-11-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Türkmen işläp düzüjileriniň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndaky gazanan üstünliklerini görkezmek üçin geçirilýän bu forum Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar ageniginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde gurnaldy.

Tehnologik kuwwat — ösüşiň hereketlendirijisi

Täze tehnologiýalar we innowasiýalar ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösdürmäge hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda hem ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň gazananlarynydyr innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 10-11-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisinde bolanymyzda hem bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirdik. Ilata hödürlenilýän döwrebap hyzmatlaryň gerimi giňeýär

Gazanylan üstünlikleriň beýany

«Türkmentel — 2022» halkara sergisi we ylmy maslahat geçirildi Ykdysadyýet özgerýär, barha innowasion häsiýete eýe bolýar, ýokary tizlikli, giň zolakly aragatnaşyk hem-de internet torlarynyň peýdalanylmagy bu özgertmeleriň esasyny düzýär. Tehnologik täzeçillikleri hasaba almak bilen, hemişe kämilleşýän hem-de olary ykdysadyýeti dolandyrmak üçin ornaşdyrýan ýurtlar bäsdeşlige has ukyply bolýarlar. Bu babatda 10-11-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Beýik ösüşleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň çäklerinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Çünki XXI asyr dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň batly depginler bilen ösýän döwri hasaplanylýar. Ylmy-tehnologik açyşlar bolsa jemgyýeti özgerdýär, ösdürýär. Häzirki wagtda dünýäde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ähmiýeti günsaýyn artýar. Maglumat tehnologiýalary adamzada maglumatlary çalt alyşmaga mümkinçilik berip, ylmy-tehniki ösüşi çaltlandyrýar. Olar täze-täze oýlap tapyşlaryň ýüze çykmagyna amatly şertler döredýärler. Ylmyň we tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe internet torlarynda okyjylar we belli-belli ugurlar boýunça bilim alýanlar üçin elektron kitaphanalaryň sany hem gitdigiçe artýar. Munuň özi okyjylara we talyp ýaşlara ençeme ýeňillikleri döredýär. Sebäbi internet ulgamynyň üsti bilen gerekli maglumatlarydyr ylmy kitaplary tiz tapmaga, okamaga täze mümkinçilikler döreýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ulgamy, aýratyn-da, sanly bilimi kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bu ugurda sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda özara baglanyşygy ýokarlandyrmak, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Okuwçy we talyp ýaşlar sanly ul

"TÜRKMENTEL-2022" sergisinden

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň "Türkmentel-2022" atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty öz işini dowam edýär.

Telekommunikasiýa pudagyny ösdürmegiň taslamalary kesgitlenildi

Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly halkara forum geçirilýär. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistandan gatnaşyjylary hem-de 18 ýurda wekilçilik edýän 30 sany kompaniýalaryň we guramalaryň 100-e golaý daşary ýurtly wekillerini utgaşykly görnüşde bir ýere jemlän maslahat başlandy.

“Türkmentel - 2022”: ýurdumyzda kommunikasiýa pudagynyň ösüşine bagyşlanan nobatdaky sergi geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzda aragatnaşyk we kommunikasiýa pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar. Döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen integrasiýalaşmak boýunça alyp barýan maksada okgunly syýasaty, milli telekommunikasion ulgamlaryny innowasion tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge ýardam berýär. Adamzadyň şu gününi ykjam telefonsyz, telewizorsyz, radiosyz, Internetsiz göz öňune getirmekligiň mümkin bolmaýşy ýaly, islendik döwletiň kämil derejede ösmegi hem şu ulgamlardan üzňe däldir. Paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tehnologiýalarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly XV nobatdaky halkara serginisiň we ylmy maslahatyň açylmagy hem bu ugurda ýene bir möhüm ädimdir. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmek bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna hem görkezilýär. Ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş we rowaçlyk ýolunda gazanan giň gerimli täze üstünliklerini görkezdi, şeýle hem bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarl

Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalar ulgamy — innowasion ösüşiň hereketlendiriji güýji

Türkmenistanda “Türkmentel — 2022” halkara sergisi we ylmy maslahat geçirilýär Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisiniň we ylmy maslahatyň açylyş dabarasy boldy.

XV «Türkmenel-2022» halkara ylmy maslahatyň birinji güni tamamlandy

Aşgabatda telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumatlar tehnologiýalary we tele-radio enjamlary boýunça «Türkmentel-2022» atly XV Halkara sergi we ylmy maslahatynyň ilkinji güni tamamlandy. Şu günki maslahatyň dowamynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça ýerli we daşary ýurtly hünärmenler, halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler. «Maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmek — Türkmenistanyň sosial-ykdysady pudagyny sanlaşdyrmagyň esasy ugry» atly umumy maslahatda sebit we halkara hyzmatdaşlygy we Türkmenistanyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maslahata «SSI-MonacoSat»-yň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory Ilgami Aýgun ýolbaşçylyk etdi.

Döwlet hyzmatlarynda elektron dolanyşygy

Türkmenistanyň Prezidentiniň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty ähli sebitleri gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň bähbidine üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmelerde aýdyň ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejelerine ýetirmäge, bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilmegine, raýatlarymyzyň iş üpjünçiliginiň we halkymyzyň durmuş derejeleriniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara Gadyrly myhmanlar! Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!

San­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bi­lim ul­ga­my­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy­na, mun­dan beý­läk hem ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi bi­lim ul­ga­my­nyň tä­ze üs­tün­lik­le­re, ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýedir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de san­ly ul­ga­my ös­dür­mä­ge, kä­mil hü­när­men­ler bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi üp­jün et­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu bol­sa hü­när­men­le­riň döw­re­bap bi­lim­ler­den ha­bar­ly bol­ma­gy­ny, şeý­le hem san­ly ul­gam­da iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bi­lim ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­ny, or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak­da we ola­ryň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny alyp bar­mak­la­ry­na şert dö­ret­mek­de oňat ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Hä­zirki wagt yl­myň we teh­ni­ka­nyň kä­mil­leş­di­ril­ýän, adam­za­dyň in­tel­lek­tual baý­ly­gy­nyň art­dy­ryl­ýan, in­no­wa­si­ýa­la­ryň we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ös­ýän döw­rü­dir. Bu gün jem­gy­ýe­ti döw­re­bap in­no­wa­sion IT-teh­no­lo­gi­ýa­syz we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­syz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ý

Türkmentel-2022 sergisinde “Sanly çözgüt” tehniki-startaplara degişli bäsleşigiň netijeleri jemlener

Aşgabatda 10-11-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2022” atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirilip, ol tehnologik kompaniýalar bilen birlikde, akademiki toparlaryň wekillerini, bazaryň bilermenlerini hem-de işewür jemgyýetçiliginiň wekillerini bir ýere jemlär. Maslahatyň çäklerinde “Sanly çözgüt” atly bäsleşigiň täze tapgyrynyň netijeleri jemleniler, şu ýyl bu bäsleşige 240-dan gowrak taslamalar gatnaşdyryldy. Şol taslamalary düzenleriň arasynda belli bir tejribesi bolan ýaş hünärmenler-de, bu ugra baş goşýan täze ýaşlar-da – dürli ýokary okuw mekdepleriň talyplary hem bar. Çünki bäsleşik bu ulgamda zehinleri ýüze çykarmaga ylmy-tehniki döredijilik babatda batyrgaý, döwrebap garaýşy bolan maksady özünde jemleýän pikrileri öňe ilerletmäge gönükdirilendir.

Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň özeni

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda tassyklanan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Oňa laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara döredildi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topar hereket edýär. Şeýle-de, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

«Sanly çözgüt — 2022»: 240-dan gowrak taslama hödürlendi

4-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde   Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň jemleriniň 2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda guraljak Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisini we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlenjekdigini mälim etdi. “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, öňde goýlan wezipelere ýetmek, innowasiýa-programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen nobatdaky “Sanly çözgüt-2022” bäsleşiginiň jemlerini jemlemek meýilleşdirilýär.

«Türkmentel-2022» halkara sergisi

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisi we ylmy maslahaty. Ýurdumyzyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynda ýetilen üstünliklerini görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň  «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2022-nji ýylyň 10-11-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde  Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2022» atly XV halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirilýär.