San­ly ul­ga­myň müm­kin­çi­lik­le­ri

8 Noýabr 2022
902

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li ugur­la­ry bi­len bir ha­tar­da, bi­lim ul­ga­my­nyň san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy­na, mun­dan beý­läk hem ös­dü­ril­me­gi­ne döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi bi­lim ul­ga­my­nyň tä­ze üs­tün­lik­le­re, ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýedir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de san­ly ul­ga­my ös­dür­mä­ge, kä­mil hü­när­men­ler bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi üp­jün et­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Bu bol­sa hü­när­men­le­riň döw­re­bap bi­lim­ler­den ha­bar­ly bol­ma­gy­ny, şeý­le hem san­ly ul­gam­da iş­le­riň üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Bi­lim ul­ga­myn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­ny, or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak­da we ola­ryň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny alyp bar­mak­la­ry­na şert dö­ret­mek­de oňat ne­ti­je­si­ni ber­ýär. Hä­zirki wagt yl­myň we teh­ni­ka­nyň kä­mil­leş­di­ril­ýän, adam­za­dyň in­tel­lek­tual baý­ly­gy­nyň art­dy­ryl­ýan, in­no­wa­si­ýa­la­ryň we ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ös­ýän döw­rü­dir. Bu gün jem­gy­ýe­ti döw­re­bap in­no­wa­sion IT-teh­no­lo­gi­ýa­syz we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­syz göz öňü­ne ge­tir­mek kyn. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak güýç­li dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da hü­när­men­le­riň bi­lim de­re­je­si we döw­re­bap bi­lim­ler­den ha­bar­ly bol­mak­la­ry esa­sy orun­da dur­ýar. Adam­za­dyň gün­de­lik dur­mu­şy in­no­wa­si­ýa­la­ryň, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň esa­syn­da gün-gün­den ro­waç­lan­ýar. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň we zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny, tä­ze hü­när ugur­ly iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni, yk­dy­sa­dy ösü­şiň hö­wes­len­di­ril­me­gi­ni, ha­ryt­la­ryň ba­ha­la­ry­nyň pe­sel­me­gi­ni, mag­lu­mat­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi­ni we tä­ze ba­zar­la­ra çyk­mak müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ýar. Bu­la­ryň hem­me­si­ san­ly ul­ga­myň oňat müm­kin­çi­lik­le­re eýe­di­gi­ni, döw­re­bap şert­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär.

Ar­zy­gül SA­PA­RO­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar