«Türkmentel—2022» sergisinde Milli One atly ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

14 Noýabr 2022
792

Aşgabatda geçirilen 15-nji «Türkmentel—2022» sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Tehnomerkezi» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ tarapyndan bilelikde taýýarlanan ilkinji türkmen antiwirusy — Milli One Endpoint Security köpçülige tanyşdyryldy.​

Täze antiwirus Windows we Mac porogramma üpjünçiligini goldaýan ähli gurluşlar üçin elýeterlidir. Milli One antiwirusynda poçta, web howplaryna we tor hüjümlerine garşy gorag modullary bar, şeýle-de ol gizlin zyýanly programma üpjünçiliginden goraýar.

Beýleki habarlar