"Huawei" Türkmenistanda maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär

15 Noýabr 2022
735

Maglumat kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) ulgamynda intellektual enjamlary we düzümleýin çözgütleri dünýä derejesinde esasy öndüriji bolan Huawei kompaniýasy Türkmenistanda maglumatlary işleýän uly merkezi gurmagy maksat edinýär. Bu barada ORIENT bilen söhbetdeşliginde Huawei-iň Türkmenistandaky baş direktorynyň orunbasary Ma Sýaole aýtdy.

Aşgabatda geçirilen “Türkmentel-2022” halkara sergisinde "Huawei" kompaniýasynyň diwarlygy has gelim-gidimli diwarlyklaryň biri boldy. Bu hem düşnüklidir, çünki Hytaý kompaniýasy maglumat kommunikasiýalary tehnologiýasyny hem-de gündelik ulanylýan intellektual enjamlary işläp taýýarlamakda dünýä derejeli liderdir. Üç ýyl mundan ozal kompaniýa MKT-de täze eýýamy – 5G ulgamyny açyp, Mate tapgyryndaky uly smartfonlarynyň täze görnüşini we Kirin990 ykjam prosessorlaryny görkezdi.

Beýleki habarlar