Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň özeni

6 Noýabr 2022
919

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Olaryň arasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler aýratyn orun eýeleýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň Kararyna laýyklykda tassyklanan “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli amala aşyrylýar. Oňa laýyklykda, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara döredildi. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly wezipeleri amala aşyrmak boýunça pudagara topar hereket edýär. Şeýle-de, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Beýleki habarlar