“Türkmentel - 2022”: ýurdumyzda kommunikasiýa pudagynyň ösüşine bagyşlanan nobatdaky sergi geçirilýär

11 Noýabr 2022
795

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Watanymyzda aragatnaşyk we kommunikasiýa pudagyny ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar. Döwletimiziň dünýä jemgyýetçiligi bilen integrasiýalaşmak boýunça alyp barýan maksada okgunly syýasaty, milli telekommunikasion ulgamlaryny innowasion tehnologiýalaryň esasynda ösdürmäge ýardam berýär. Adamzadyň şu gününi ykjam telefonsyz, telewizorsyz, radiosyz, Internetsiz göz öňune getirmekligiň mümkin bolmaýşy ýaly, islendik döwletiň kämil derejede ösmegi hem şu ulgamlardan üzňe däldir. Paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tehnologiýalarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly XV nobatdaky halkara serginisiň we ylmy maslahatyň açylmagy hem bu ugurda ýene bir möhüm ädimdir.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde geçirilmek bilen çäklenmän, eýsem, sanly ulgam arkaly Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurduna hem görkezilýär. Ýöriteleşdirilen forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň döredijilik, ykdysady taýdan yzygiderli ösüş we rowaçlyk ýolunda gazanan giň gerimli täze üstünliklerini görkezdi, şeýle hem bu ulgamda dünýä derejesinde iň täze işläp taýýarlamalary ulanmak babatda tejribe alyşmak boýunça meýdança öwrüldi. Oňa gatnaşmaga isleg bildirýänleriň sany ýylsaýyn artýar. Munuň özi dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň ýakynlaşýan ýurdumyza örän ägirt uly gyzyklanmanyň bildirilmegi hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň amatly geljegi bilen şertlendirilendir.

Beýleki habarlar