Beýik ösüşleriň gözbaşy

11 Noýabr 2022
862

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň çäklerinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Çünki XXI asyr dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň batly depginler bilen ösýän döwri hasaplanylýar. Ylmy-tehnologik açyşlar bolsa jemgyýeti özgerdýär, ösdürýär. Häzirki wagtda dünýäde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ähmiýeti günsaýyn artýar. Maglumat tehnologiýalary adamzada maglumatlary çalt alyşmaga mümkinçilik berip, ylmy-tehniki ösüşi çaltlandyrýar. Olar täze-täze oýlap tapyşlaryň ýüze çykmagyna amatly şertler döredýärler.

Ylmyň we tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe internet torlarynda okyjylar we belli-belli ugurlar boýunça bilim alýanlar üçin elektron kitaphanalaryň sany hem gitdigiçe artýar. Munuň özi okyjylara we talyp ýaşlara ençeme ýeňillikleri döredýär. Sebäbi internet ulgamynyň üsti bilen gerekli maglumatlarydyr ylmy kitaplary tiz tapmaga, okamaga täze mümkinçilikler döreýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ulgamy, aýratyn-da, sanly bilimi kämilleşdirmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Bu ugurda sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda özara baglanyşygy ýokarlandyrmak, mekdebe çenli bilim edaralarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Okuwçy we talyp ýaşlar sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, daşary ýurt dillerini öwrenýärler, beýleki ugurlar boýunça bilimlerini ösdürýärler. Şeýle-de internet ulgamy ýaş nesle dürli ýerlerdäki deň-duşlary bilen pikirlerini we bilimlerini paýlaşmaga şert döredýär. Olar sanly ulgam arkaly geçirilýän dürli açyk sapaklara gatnaşmak arkaly bilimdir düşünjelerini çuňlaşdyrýarlar.

Aýna BAÝRYÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar