«IBM» önümçilik gerimini giňeldýär

13 Noýabr 2022
746

«International Business Machines» («IBM») korporasiýasy ýarymgeçirijileri öndürýän «Rapidus» kompaniýasy bilen önümçilik hyzmatdaşlygyny ýola goýýar. Hyzmatdaşlar şu ýylyň ahyryna çenli Ýaponiýanyň ylmy-barlag instituty bilen ýarymgeçirijileri işläp düzer hem-de öndürip başlar. Taslamanyň çäklerinde ýapon hökümeti «Rapidus» kompaniýasyna 70 milliard ýen (ABŞ-nyň 493 million dollary) maýa goýar. «Toyota Motor», «Sony Group» we bilelikdäki kompaniýanyň beýleki agzalary, şol sanda «Kioxoa Holdings», «Tokio Electron» we «SoftBank Group» korporasiýalarynyň her biri 1 million ýenden maýa goýarlar.

«Rapidus» kompaniýasy «Toyota Motor», «Sony Group» we ýene alty sany ýapon korporasiýalarynyň bilelikde esaslandyran kompaniýasydyr.

Muhammetnur MEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar