"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täsirli syýahat

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýylyň şanyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan dürli mazmunly çäreler guralýar. Ýakynda welaýatymyzyň merkezine görk goşýan Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. Syýahata gatnaşyjylar muzeýe aýlanyp görmek bilen, türkmeniň gadymy ekerançylyk medeniýetini, ata-babalarymyzyň baý mirasyny beýan edýän gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar. Pederlerimiz tarapyndan dürli döwürlerde ulanylan galla orýan oraklaryň görnüşleri, şeýle-de däne üwemek üçin niýetlenen soky we degirmen daşlar, dänäni we beýleki önümleri saklamak üçin niýetlenen humlar uly gyzyklanma döretdi.

YSSYDYR SOWUGA DURNUKLY KEÇÄM, GÜLLERI GÖRMEKLI, GÖRNÜKLI KEÇÄM

Halk çeper döredijiliginiň dikeldilmeginiň, aýalyp saklanylmagynyň, ösdürilmeginiň we goldanylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasynda halk çeper döredijiligi babatda işiň esasy görnüşleriniň biri hökmünde kesgitlenilen keçe — halkymyzyň milli senedi hasaplanylýar. Ene-mamalarymyz tarapyndan gülli keçe, atkeçe, basyryk, durluk, çopankeçe, gobzy, goşma, içirgi, oýluk, serkeç, serpik, üzük, ýalňy ýaly öý hojalyk üçin ulanylýan keçe önümleri döredilipdir. Keçe etmek işi halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeleýär. Keçe etmegiň müňýyllyk taryhy türkmenlerde bu sungatyň kämil derejä ýetmegine getirdi. Keçe halkyň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegi bolup, ol adamlary sowuk ýellerden, ýagyş-gardan, Gün şöhlesinden, çygdan goraýar. Gadymy döwürlerde ene-mamalarymyz keçeleri dürli maksatlar üçin taýýarlapdyrlar. Boz keçeler gara, mele, çal ýüňlerden taýýarlanylyp, olara nagyş salynmandyr. Şeýle keçeleri ak öýleriň üstüni örtmek üçin ulanypdyrlar. Uçar ganata deňelen, ýelden ýüwrük bedewlerimiz üçin taýýarlanylýan atkeçeler ak ýüňden, nagyşsyz edilipdir. Çopanlaryň sowukdan goranmak üçin ulanýan ýapynjalary — oýluklary hem keçeden edilipdir. Keçe — güllenilip ýa-da güllenilmän, ýüňden ýörite usul bilen taýýarlanylýan düşek bolup, diňe bir üstünde oturmaga rahatlygy bilen tapawutlanman

Dünýä ähmiýetli eser

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilmegi we çapdan çykmagy hemmämizde buýsanç duýgusyny döretdi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir. Ol bu günki dünýäniň okyjylaryny hem özüne bendi etdi. Bu bolsa onuň dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilmegi hem äşgär görkezýär. Kitap özüniň baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Eserde umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu edebi eseri halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň däp-dessurlarynyň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygynyň subutnamasydyr.

Ýaşlarda watansöýüjilik häsiýetlerini kemala getirmek

Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly romany biziň her birimiz üçin ýakyn gollanmadyr. Bu taryhy, çeper roman ilhalar ynsanyň nesillere nusgalyk manyly ömür ýoluna bagyşlanyp ýazylan eserdir. Roman baş gahryman kyn durmuş synaglaryny merdi-merdanalyk bilen başdan geçiren halypa mugallymyň, gaýduwsyz gerçegiň, ilhalar ynsanyň hatyrasyna dikilen mizemez ruhy heýkeldir. Onda XX asyryň birinji ýarymynda tutuş Türkmenistany gurşap alan aň-bilim ýaýratmak, ýaş nesliň bilimli, edep-terbiýeli kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrundaky alnyp barylýan asylly işlere özüniň mynasyp şahsy goşandyny goşmagy başaran halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömür ýoly çeper teswirlenýär. Hormatly Prezidentimiz bu eserde turuwbaşdan öz okyjysyny edebi gahrymanyň nesil daragty bilen tanyşdyrýar. Anna serdaryň mukaddes maşgala ojagynyň dowamat dowamy bolan Berdimuhamet mugallym hem aňyrdan gelýän sap akaba eýerip, ukyp-başarnygyny ýaş nesliň, bütin il-günüň sowatly, aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky halal hem haýyr işlere bagyşlaýar. Hünärine yhlasly, işine ezber Berdimuhamet mugallym bilim edaralary tarapyndan haýsy etraba, haýsy oba işe goýberilse-de, şol ýerde aň-bilim işiniň göwnejaý hem talabalaýyk ýola goýulmagyny gazanýar. Onuň bu arzyly zähmetiniň oňyn netijesini gören bilim edaralarynyň ýolbaşçylary halypa mugallymyň öňdebaryjy, kämil iş tejribesini diňe bir

Uly toýuň bosagasynda

Her ýylda bolşy ýaly, şu ýyl hem tomsuň dördünji hepdesi ýurdumyzda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň şanyna tutulýan toýa beslener. Berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi şu ýyl ýurdumyzyň gündogar sebitinde — Lebap welaýatynda geçirilýär. Welaýat Medeniýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary Maksat Akmämmedow bilen hepdelige görlen taýýarlyk işleri we onuň çäginde göz öňünde tutulýan dabaralardyr çäreler barada söhbetdeş bolduk. — Medeniýet hepdeligi Jeýhunyň ýakasynda ikinji gezek geçirilýär. Bu gezekki dabaralaryň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna gabat gelmegi welaýatyň medeniýet we sungat wekillerinde-de uly şatlyk döredendir.

Medeniýet — milletiň mertebesi

Medeniýet milletiň mertebesine deňelýär. Sebäbi medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maddy, ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup, geljekki nesilleriň ruhy-ahlak jähetden kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ýol çelgisidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, bu baýramçylyk mynasybetli Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 11-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde öňümizdäki Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy dürli çäreleri, şol sanda maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertlerini, çeper filmleriň ilkinji gezek görkezilişini, ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşygyny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine barlyp görülmegini özünde jemleýär.

Kämillik ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Oňa ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde yzygiderli geçirilýän halkara festiwallar, bäsleşikler, olimpiadalar şaýatlyk edýär. Ýakynda Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Steinway Hall, Carnegie Hall guramalarynyň «Viva-Music» gaznasy bilen bilelikde yglan eden «VIVA-MUSIC ALL WORLD» atly nusgawy sazlaryň halkara onlaýn bäsleşigi geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen bu halkara medeni çärä Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ogulkeýik Hojagurbanowa gatnaşyp, üçünji orna mynasyp boldy. Halkara derejesinde geçirilen bu çärä dünýä döwletlerinden zehinli sazandalaryň ençemesi gatnaşdylar. Professional saz bilimi bolan ýaşlaryň şular ýaly onlaýn bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmagy olaryň hünär taýýarlygyny artdyrmagyna, kämilleşmegine ýardam edýär.

Ak şäherimiziň mozaika bezegi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylyna gabat gelýär. Bu şanly seneler mynasybetli, ak şäherimiziň binagärlik bezegi barada gürrüň etmek has-da ýakymly. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, paýtagtymyzda öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikirleriň iň täze gazananlary milli binagärligiň gadymy däpleri bilen özboluşly sazlaşýar. Aşgabadyň çar künjeginde: ak mermere beslenen ajaýyp binalarda, täsin ýadygärliklerde, ýaşyl seýilgählerde milli ýörelgeler bilen birlikde häzirki zaman binagärliginiň aýratynlyklary öz beýanyny tapýar.

Medeniýetim, waspyň äleme dolýar!

Gojaman Hazaryň kenaryndan gözbaş alyp gaýdýan Medeniýet hepdeligini dabaraly ýagdaýda geçirmek milli medeniýetimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagly ýurdumyzda däbe öwrüldi. Şu günki ýaly ýadymyzda, ol günlerde, ýagny 2013-nji ýylda uly joşgun bilen: Aýlanaýyn türkmenimiň namys-ar-u-ygraryndan,Beýik günler görünip dur, çüwen beýik ykbalyndan,Güllänsiň sen, Arkadagyň söýgüsinden, yhlasyndan,Dünýäge ýalkymyn saçýan taryha baý medeniýetim! —

Mugam diňläli, gardaş!

(«Barlan iller, ýörelen ýollar» çeper-publisistik toplumyndan) Öň bir gezek ulananam bolsam, şu sözbaşy ýene şu ýere gelişjek ýaly boldy durdy. Mugamy nirede diňlänimem hakyt ýadymda. 2017-nji ýylyň 8-9-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna baranda — Baku şäherinde mugamy diňlemek miýesser edipdi. Gepleşiklerden soňky az wagtlyk arakesmede Prezident köşgüniň eýwany Hazar deňzine tarap açylýan bir künjünde ilki azeri gardaşlaryň juda kinniwanja, türkmen aýtmyşlaýyn, bir owurtlyk bulgurlarynda ajyja kofe hödürlenipdi. Gulaga bolsa mugamyň näzikden zereň owazy ýuwaşjadan gelip durdy. Az salymdanam giň mejimede milli tagam — üzüm ýapragyndan dolama getirdiler. Gapdalymda oturan ýerli kärdeşlerimiziň biri çal sepen gür murtuny sypalap, hoşamaý ýylgyrdy-da:

Döredijilik gözlegleri

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň halkymyza beren eşretli durmuşyny wasp edýän täze kino eserleri yzygiderli surata düşürilip, tomaşaçylara hödürlenýär. Dürli wakalary, dürli döwürleri öz içine alýan bu filmlerde ýaş zehinleriň täzeçe pikirlenişi, döredijilik gözlegleri aýdyň duýulýar. Arslan Eýeberdiýew bu döwürde özüniň «Mähekdaş», «Jadyly hasa», «Ýatdan çykmajak pursatlar» ýaly filmleri bilen tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolmagy başaran ýaş kinorežissýorlaryň biridir. Onuň filmiň edebi esasyny döretmekde, artistler bilen işlemekde we beýleki ugurlarda döredijilik ukyby bar. Bu şol filmlerde režissýoryň wakany, gahrymany özüçe görmek, özboluşly çemeleşmek başarnygy görünýär.

Aýdym-sazdan çemen bogup

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly üns berýär. Bu sungatyň wekilleriniň çykyşlaryna Berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralýan dabaralarda hem uly orun berilýär. Nesip bolsa, geljek şenbe güni welaýatymyzda Medeniýet hepdeligine badalga berilýär. Muňa welaýatymyzyň ähli ýerinde, şol sanda medeniýet we bilim ojaklarynda ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şol taýýarlyklaryň çygrynda biz welaýat ýörite sungat mekdebinde bolup, Medeniýet hepdeligi mynasybetli meýilleşdirilýän çykyşlar bilen tanyşdyk.

Şöhratly geçmişimiziň waspy

Etrabymyzyň medeniýet merkeziniň «Miras» folklor topary köpden bäri öz joşgunly çykyşlary bilen il içinde tanalyp gelýär. Bu topara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, baýry medeniýet işgäri Beşi Narkulow ýolbaşçylyk edýär. Beşi aganyň bu işde baý tejribesi bar. Ömrüniň otuz ýyla golaý wagtyny medeniýete we sungata bagyşlan Beşi Narkulow medeni mirasymyzy halkyň arasyndan yzygiderli toplamak bilen, ony ürç edip öwrenýär. Olara täze öwüşginleri çaýýar hem-de döwrebaplaşdyrýar. Toparyň agzalary bilen folklor çykyşlaryny kämil derejede taýýarlandan soň tomaşaçylara hödürläp, il alkyşyna mynasyp bolýar.

Dür döredýär gaşlar bilen

Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy Ogulnur Öräýewanyň döredijilik dünýäsi muşdaklarynda joşgunly durmuşa ymtylyşy güýçlendirýär. Ol halkymyzyň gadymdan gelýän amaly-haşam sungatynyň köpugurly däplerini dowam edýär. Janypkeş zenan zergärçilik bilen birlikde suw kädileriniň ýüzünde dürli sungat eserlerini döretmekligiň inçe syrlaryny hem öwrendi. Şonuň üçinem Ogulnur welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligi mynasybetli guraljak sergä özüniň ýasan şaý-sepleri bilen birlikde suw kädileriniň, mäjimeleriň, sandyjyklaryň ýüzünde döreden eserlerini sowgat edýär. Suratkeşiň döredýän eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň ajaýyp keşpleri, şöhratly taryhymyzdan söhbet açýan şanly pursatlar öz beýanyny tapýar. Ogulnuryň ene-atasy, doganlary lukman. Ol entek çagaka eline galam-kagyz düşse, dürli çyzgylary, täsin şekilleri çyzar eken.

Medeniýetiň toýy

Milli medeniýetim, milli sungatym Dünýäniň ýüzüne ýaýylýar bu gün.Owazyň Arş-agla ýaýran halatyňÝüzlermize şatlyk çaýylýar bu gün. Bagşylaň sarpasy belent ilimde,Dutar-gyjak dil açyp dur elimde.Şatlyk-şagalaňmyz galyp belende,Guş kimin asmanda gaýylýar bu gün.

Halypa ýörelgesi — şägirtlere nusgalyk

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi öwrenmek, geçmişde ata-babalarymyz tarapyndan döredilen maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek we olaryň üsti bilen ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek işleri ýurdumyzda barha rowaçlanýar. Biziň mekdebimiziň halypa mugallymy Meretdurdy Saşlyýew hem öz şägirtlerini saýlap alan hünärleriniň ussady edip ýetişdirmekde netijeli zähmet çekýär. Meretdurdy mugallymyň şägirdi, mekdebimiziň 5-nji synp okuwçysy Medet Nuryýew 2020—2021-nji okuw ýylynda çagalar sungat mekdeplerini tamamlaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşiginde gyjak hünäri boýunça üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat haty bilen sylaglanyldy. Ol sungat ugrundan okuwyny dowam etdirmegi maksat edinýär. Öňki ýyllarda halypanyň ýetişdiren şägirtleriniň birnäçesi ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdeplerini, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlap, biziň mekdebimizde göreldeli zähmet çekýär. Olaryň hatarynda bagşy hünäri boýunça mugallymlar, Şöhrat Tagandurdyýew, Dursunjemal Täjiýewa, gyjak hünäriniň mugallymlary Tawus Jumabaýewa, Narbaý Awezniýazow, Selwinýaz Awezniýazowa, Orazdurdy Saşlyýew dagy bar. Olar ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe b

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

GARAŞSYZLYGYŇ BAGTY Ýurdumyzyň her bir güni bimöçber rowaçlyklara beslenip, döwletimiziň ykbal sahypasyna, döwür depderine altyn harplar bilen ýazylýar. Bagtyýarlyk döwrümiziň her güni bize ýazmaga, döretmäge täze tema, özboluşly joşgun eçilip dur. Üstümizdäki ýylymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna, gözel Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk dabaralaryna beslenip gelmegi, şeýle-de parasatly Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde bellemek hakynda gol çeken Karary, beren tabşyryklary halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy.

Goşgular çemeni

Oba barýanŞagalaňly toýa çagyrlan ýalyÝüzüm ýene çarwa obama sary.Meni oňa çekýän gudrat nämekä?Borjummy ýa dost-ýarlaryň didary? Daň säherden bu ne ahwal?! Eý, aman!Çaga ýaly ýyljyraklap ýörün men.Obadaşlar orun berer bigümanÖýüniň däl, giň kalbynyň töründen.

Magtymguly pyragy türkmen poeziýasynyň dürdänesi

Milli terbiýe barada söhbet açylanda, ilki bilen, çeper edebiýat we ondaky beýan edilýän tematiki pikirler aňyňda janlanýar. Milli edebiýat barada söhbet edilende bolsa, ilki bilen, Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi göz öňüňe gelýär. Çünki ol türkmen edebiýatynyň ilkinji ýolgörkezijileriniň biri bolmak bilen, nusgawy poeziýanyň milli ýörelgesini, milli gahrymanyny orta çykarmagy başaran şygyr äleminiň dürdänesi, türkmeniň akyldar şahyrydyr. Şahyryň islendik şygryndaky paýhasdan doly setirleri alyp görenimizde-de, olardaky türkmeniň milli ýörelgeleriniň, terbiýe mekdebiniň, aň-düşünjesiniň şöhlelenýändigini duýmak bolýar. Milli edebiýat — terbiýäniň özenini düzüjidir, edep-terbiýe maksatly aýtgylaryň, dürdäne setirleriň toplumyny özünde jemleýän bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Onda dürli garaýyşdyr pikirleriň üsti bilen terbiýäniň dürli görnüşlerinden peýdalanmak, olary aýdyň ýüze çykarmak ýaly ugurlar bar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

Sarpaň belentdir, Pyragy! Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren akyldar şahyrymyzyň döredijiligi umman ýaly giňdir we çuňdur, tämiz howaly daglar ýaly belentdir we şypalydyr, gülzarlyk ýaly kalbyňy joşduryjydyr. Onuň eserlerinden adamzat durmuşynyň islendik sowalyna anyk we jaýdar jogap tapyp bolýar. Şonuň üçin hem Magtymgulynyň döredijiligi “Jemşidiň jamyna” deňelýär. Munuň sebäbi çeper söz ussadynyň goşgularynyň durmuş, ýaşaýyş, tebigat, dünýä bilen berk baglanyşykda bolmagydyr. Şonuň üçin hem ondan özümize gerek çeşmeleri tapyp hem-de ondan öz teşneligimizi gandyryp bilýäris.