Ýaşlarda watansöýüjilik häsiýetlerini kemala getirmek

17 Iýun 2021
968

Hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly romany biziň her birimiz üçin ýakyn gollanmadyr. Bu taryhy, çeper roman ilhalar ynsanyň nesillere nusgalyk manyly ömür ýoluna bagyşlanyp ýazylan eserdir. Roman baş gahryman kyn durmuş synaglaryny merdi-merdanalyk bilen başdan geçiren halypa mugallymyň, gaýduwsyz gerçegiň, ilhalar ynsanyň hatyrasyna dikilen mizemez ruhy heýkeldir. Onda XX asyryň birinji ýarymynda tutuş Türkmenistany gurşap alan aň-bilim ýaýratmak, ýaş nesliň bilimli, edep-terbiýeli kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrundaky alnyp barylýan asylly işlere özüniň mynasyp şahsy goşandyny goşmagy başaran halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň manyly ömür ýoly çeper teswirlenýär.

Hormatly Prezidentimiz bu eserde turuwbaşdan öz okyjysyny edebi gahrymanyň nesil daragty bilen tanyşdyrýar. Anna serdaryň mukaddes maşgala ojagynyň dowamat dowamy bolan Berdimuhamet mugallym hem aňyrdan gelýän sap akaba eýerip, ukyp-başarnygyny ýaş nesliň, bütin il-günüň sowatly, aň-düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky halal hem haýyr işlere bagyşlaýar. Hünärine yhlasly, işine ezber Berdimuhamet mugallym bilim edaralary tarapyndan haýsy etraba, haýsy oba işe goýberilse-de, şol ýerde aň-bilim işiniň göwnejaý hem talabalaýyk ýola goýulmagyny gazanýar. Onuň bu arzyly zähmetiniň oňyn netijesini gören bilim edaralarynyň ýolbaşçylary halypa mugallymyň öňdebaryjy, kämil iş tejribesini diňe bir welaýatyň çäklerine däl-de, eýsem, tutuş Türkmenistanyň bilim ojaklaryna ýaýratmagy makul bilýärler. Kesbinden kemal tapan bu beýik ynsanyň şeýle täsin wakalara baý ömür ýoly eseriň mazmunyna görä, gahrymanyň dürli durmuş wakalaryna gatnaşygynda beýan edilýär.

Saparmyrat KAKAÝEW,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 37-nji orta mekdebiniň mugallymy.