Mugam diňläli, gardaş!

16 Iýun 2021
876

(«Barlan iller, ýörelen ýollar» çeper-publisistik toplumyndan)

Öň bir gezek ulananam bolsam, şu sözbaşy ýene şu ýere gelişjek ýaly boldy durdy. Mugamy nirede diňlänimem hakyt ýadymda. 2017-nji ýylyň 8-9-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna baranda — Baku şäherinde mugamy diňlemek miýesser edipdi. Gepleşiklerden soňky az wagtlyk arakesmede Prezident köşgüniň eýwany Hazar deňzine tarap açylýan bir künjünde ilki azeri gardaşlaryň juda kinniwanja, türkmen aýtmyşlaýyn, bir owurtlyk bulgurlarynda ajyja kofe hödürlenipdi. Gulaga bolsa mugamyň näzikden zereň owazy ýuwaşjadan gelip durdy. Az salymdanam giň mejimede milli tagam — üzüm ýapragyndan dolama getirdiler. Gapdalymda oturan ýerli kärdeşlerimiziň biri çal sepen gür murtuny sypalap, hoşamaý ýylgyrdy-da:

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.