Halypa ýörelgesi — şägirtlere nusgalyk

16 Iýun 2021
1032

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen şöhratly taryhymyzy, milli medeniýetimizi öwrenmek, geçmişde ata-babalarymyz tarapyndan döredilen maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek we olaryň üsti bilen ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek işleri ýurdumyzda barha rowaçlanýar. Biziň mekdebimiziň halypa mugallymy Meretdurdy Saşlyýew hem öz şägirtlerini saýlap alan hünärleriniň ussady edip ýetişdirmekde netijeli zähmet çekýär. Meretdurdy mugallymyň şägirdi, mekdebimiziň 5-nji synp okuwçysy Medet Nuryýew 2020—2021-nji okuw ýylynda çagalar sungat mekdeplerini tamamlaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Halypa ýörelgesi — şägirt göreldesi» atly döredijilik bäsleşiginde gyjak hünäri boýunça üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat haty bilen sylaglanyldy. Ol sungat ugrundan okuwyny dowam etdirmegi maksat edinýär. Öňki ýyllarda halypanyň ýetişdiren şägirtleriniň birnäçesi ýurdumyzyň ýörite sazçylyk mekdeplerini, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlap, biziň mekdebimizde göreldeli zähmet çekýär. Olaryň hatarynda bagşy hünäri boýunça mugallymlar, Şöhrat Tagandurdyýew, Dursunjemal Täjiýewa, gyjak hünäriniň mugallymlary Tawus Jumabaýewa, Narbaý Awezniýazow, Selwinýaz Awezniýazowa, Orazdurdy Saşlyýew dagy bar. Olar ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde halypa göreldesine eýerip zähmet çekýärler, onuň iş tejribesini nusga edinýärler.

Halypa mugallym çagalar sungat mekdepleriniň gyjak hünärinde okaýan okuwçylar üçin niýetlenilen birnäçe okuw gollanmalaryny hem ýazdy. Olardan «Gyjak owazy», «Owaz» ýaly gollanmalary neşir edilip, saz muşdaklaryna gowuşdy. Baýry mugallym häzirki wagtda ýörite orta sazçylyk mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň talyplaryna, okuwçylaryna niýetlenilen «Gyjak we fortepiano üçin eserler» atly okuw gollanmasyny taýýarlap, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet merkezine hödürledi. Okuw gollanmalarynda Meretdurdy Saşlyýew milli aýdym-saz sungatymyzyň ussatlary Ata Ablyýew, Oraz Saryýew, Garýagdy Alyýew, Çary Alladurdyýew, Ýolaman Nurymow, Akmyrat Çaryýew, Orazmyrat Annanepesow dagynyň ýerine ýetiren sazlaryny nota ýazgysyna geçiripdir. Halypanyň ýene-de öz öňünde goýan maksatlary sanardan köp.

Leýla TUWAKMYRADOWA,
Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.