Ak şäherimiziň mozaika bezegi

16 Iýun 2021
996

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylyna gabat gelýär. Bu şanly seneler mynasybetli, ak şäherimiziň binagärlik bezegi barada gürrüň etmek has-da ýakymly.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda, paýtagtymyzda öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki pikirleriň iň täze gazananlary milli binagärligiň gadymy däpleri bilen özboluşly sazlaşýar. Aşgabadyň çar künjeginde: ak mermere beslenen ajaýyp binalarda, täsin ýadygärliklerde, ýaşyl seýilgählerde milli ýörelgeler bilen birlikde häzirki zaman binagärliginiň aýratynlyklary öz beýanyny tapýar.

Jeren BALTAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.