Kalby joşgunly ýaşlar

13 Iýun 2021
984

ÖŇŇIN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» atly telebäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäginde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen telebäsleşigiň bu tapgyryna welaýatymyzyň dürli ýerlerinden aýdymçy ýaşlar gatnaşdy.

Däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýerlerden zehinli, höwesjeň ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň, ýylyň-ýylyna oňa gatnaşmaga höwes edýän ýaşlaryň sany artyp, bäsleşigiň meşhurlygy barha ýokarlanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda welaýatymyzdan bu bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirenleriň sanynyň artmagy hem şeýle diýmäge esas berýär. Etrap-şäher tapgyrlar we welaýat boýunça deslapky tapgyr höwesjeň aýdymçylaryň arasyndan aýratyn zehinleri, sungatda tapawutlananlary welaýat derejesindäki nobatdaky bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

Aýjahan MÜLKIÝEWA,
«Ahal durmuşy». SURATLARDA: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.