Kämillik ýolunda

16 Iýun 2021
974

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda zehinli ýaşlaryň ýüze çykarylmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Oňa ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde yzygiderli geçirilýän halkara festiwallar, bäsleşikler, olimpiadalar şaýatlyk edýär.

Ýakynda Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Steinway Hall, Carnegie Hall guramalarynyň «Viva-Music» gaznasy bilen bilelikde yglan eden «VIVA-MUSIC ALL WORLD» atly nusgawy sazlaryň halkara onlaýn bäsleşigi geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen bu halkara medeni çärä Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Ogulkeýik Hojagurbanowa gatnaşyp, üçünji orna mynasyp boldy. Halkara derejesinde geçirilen bu çärä dünýä döwletlerinden zehinli sazandalaryň ençemesi gatnaşdylar. Professional saz bilimi bolan ýaşlaryň şular ýaly onlaýn bäsleşiklere, festiwallara gatnaşmagy olaryň hünär taýýarlygyny artdyrmagyna, kämilleşmegine ýardam edýär.

Gülzada GULDURDYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.