Täsirli syýahat

17 Iýun 2021
930

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki şanly ýylyň şanyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan dürli mazmunly çäreler guralýar. Ýakynda welaýatymyzyň merkezine görk goşýan Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Syýahata gatnaşyjylar muzeýe aýlanyp görmek bilen, türkmeniň gadymy ekerançylyk medeniýetini, ata-babalarymyzyň baý mirasyny beýan edýän gymmatlyklary uly gyzyklanma bilen synladylar. Pederlerimiz tarapyndan dürli döwürlerde ulanylan galla orýan oraklaryň görnüşleri, şeýle-de däne üwemek üçin niýetlenen soky we degirmen daşlar, dänäni we beýleki önümleri saklamak üçin niýetlenen humlar uly gyzyklanma döretdi.

Nurmuhammet GARAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.