Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe

16 Iýun 2021
844

Sarpaň belentdir, Pyragy!

Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň kämilleşmeginde we baýlaşmagynda uly hyzmatlary bitiren akyldar şahyrymyzyň döredijiligi umman ýaly giňdir we çuňdur, tämiz howaly daglar ýaly belentdir we şypalydyr, gülzarlyk ýaly kalbyňy joşduryjydyr. Onuň eserlerinden adamzat durmuşynyň islendik sowalyna anyk we jaýdar jogap tapyp bolýar. Şonuň üçin hem Magtymgulynyň döredijiligi “Jemşidiň jamyna” deňelýär. Munuň sebäbi çeper söz ussadynyň goşgularynyň durmuş, ýaşaýyş, tebigat, dünýä bilen berk baglanyşykda bolmagydyr. Şonuň üçin hem ondan özümize gerek çeşmeleri tapyp hem-de ondan öz teşneligimizi gandyryp bilýäris.