Aýdym-sazdan çemen bogup

16 Iýun 2021
869

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly üns berýär. Bu sungatyň wekilleriniň çykyşlaryna Berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralýan dabaralarda hem uly orun berilýär.

Nesip bolsa, geljek şenbe güni welaýatymyzda Medeniýet hepdeligine badalga berilýär. Muňa welaýatymyzyň ähli ýerinde, şol sanda medeniýet we bilim ojaklarynda ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şol taýýarlyklaryň çygrynda biz welaýat ýörite sungat mekdebinde bolup, Medeniýet hepdeligi mynasybetli meýilleşdirilýän çykyşlar bilen tanyşdyk.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.