Medeniýet — milletiň mertebesi

16 Iýun 2021
1076

Medeniýet milletiň mertebesine deňelýär. Sebäbi medeniýet milletiň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maddy, ruhy gymmatlyklarynyň we kadalarynyň toplumy bolup, geljekki nesilleriň ruhy-ahlak jähetden kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ýol çelgisidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda asylly däbe öwrülip, her ýyl uly dabaralara beslenýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, bu baýramçylyk mynasybetli Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi aýratyn ähmiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, 11-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde öňümizdäki Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy dürli çäreleri, şol sanda maslahaty, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konsertlerini, çeper filmleriň ilkinji gezek görkezilişini, ýurdumyzyň kino sungatynyň wekilleri bilen döredijilik duşuşygyny, welaýatyň taryhy-medeni ýadygärliklerine barlyp görülmegini özünde jemleýär.

Jahan GULHANOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň müdiri, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.