Dünýä ähmiýetli eser

17 Iýun 2021
1152

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň italýan diline terjime edilmegi we çapdan çykmagy hemmämizde buýsanç duýgusyny döretdi.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen meşhur edebi-filosofik eseri uly ruhy ähmiýete eýedir. Ol bu günki dünýäniň okyjylaryny hem özüne bendi etdi. Bu bolsa onuň dünýäniň birnäçe dillerine terjime edilmegi hem äşgär görkezýär. Kitap özüniň baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Eserde umumydünýä ösüşine goşant goşan türkmen halkynyň örän baý ruhy-ahlak mirasy wagyz edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu edebi eseri halk parasatlylygynyň özboluşly jemlenmesi bolmak bilen, häzirki we geljekki nesilleriň däp-dessurlarynyň hem-de ahlak ýörelgeleriniň dowamatlylygynyň subutnamasydyr.

Röwşen Annamuhammedow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.