Şöhratly geçmişimiziň waspy

16 Iýun 2021
866

Etrabymyzyň medeniýet merkeziniň «Miras» folklor topary köpden bäri öz joşgunly çykyşlary bilen il içinde tanalyp gelýär. Bu topara Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, baýry medeniýet işgäri Beşi Narkulow ýolbaşçylyk edýär.

Beşi aganyň bu işde baý tejribesi bar. Ömrüniň otuz ýyla golaý wagtyny medeniýete we sungata bagyşlan Beşi Narkulow medeni mirasymyzy halkyň arasyndan yzygiderli toplamak bilen, ony ürç edip öwrenýär. Olara täze öwüşginleri çaýýar hem-de döwrebaplaşdyrýar. Toparyň agzalary bilen folklor çykyşlaryny kämil derejede taýýarlandan soň tomaşaçylara hödürläp, il alkyşyna mynasyp bolýar.

Toýly ŞAÝMANOW,
Döwletli etrabynyň Daşrabat oba medeniýet öýüniň medeni guramaçysy.