Dür döredýär gaşlar bilen

16 Iýun 2021
1082

Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy Ogulnur Öräýewanyň döredijilik dünýäsi muşdaklarynda joşgunly durmuşa ymtylyşy güýçlendirýär. Ol halkymyzyň gadymdan gelýän amaly-haşam sungatynyň köpugurly däplerini dowam edýär. Janypkeş zenan zergärçilik bilen birlikde suw kädileriniň ýüzünde dürli sungat eserlerini döretmekligiň inçe syrlaryny hem öwrendi. Şonuň üçinem Ogulnur welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligi mynasybetli guraljak sergä özüniň ýasan şaý-sepleri bilen birlikde suw kädileriniň, mäjimeleriň, sandyjyklaryň ýüzünde döreden eserlerini sowgat edýär. Suratkeşiň döredýän eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň ajaýyp keşpleri, şöhratly taryhymyzdan söhbet açýan şanly pursatlar öz beýanyny tapýar.

Ogulnuryň ene-atasy, doganlary lukman. Ol entek çagaka eline galam-kagyz düşse, dürli çyzgylary, täsin şekilleri çyzar eken.

Mahym ROZYÝEWA.